"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dünýäniň iň gymmat kärhanalary

«Interbrand» maglumat agentligi 2024-nji ýyldaky dünýäniň iň gymmat kärhanalarynyň sanawyny düzdi. Bu sanawyň esasy 10-lugy şu yzygiderlilikde ýerleşdirilendir: «Apple» (488,9 milliard amerikan dollary), «Microsoft» (352,5 milliard amerikan dollary), «Amazon» (298,1 milliard amerikan dollary), «Google» (291,3 milliard amerikan dollary), «Samsung» (100,8 milliard amerikan dollary), «Toyota» (72,8 milliard amerikan dollary), «Coca-Cola» (61,2 milliard amerikan dollary), «Mercedes-Benz» (58,9 milliard amerikan dollary), «McDonald's» (53 milliard amerikan dollary), «BMW» (52 milliard amerikan dollary).

Täjigistanyň Russiýa eksporty artýar

Täjigistanyň Russiýa Federasiýasynyň oba hojalyk önümleriniň eksporty ýanwar — sentýabr aýlarynda 30 göterim ýokarlandy. Şol sanda Täjigistan Russiýa  Federasiýasyna pagta süýüminiň eksportyny 62, miwe we gök önümleriniňki 47, şeýle-de gury ir-iýmişlerini 60 göterim artdyrdy.

Şu ýyl Ýaponiýanyň ulag eksporty pese gaçdy

Ýaponiýanyň eksporty soňky 10 aýyň dowamynda ilkinji gezek ulag eksporty peseldi. Geçen sentýabr aýynyň hasabatyna laýyklykda, döwlet eksportdan 60,4 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu barada Ýaponiýanyň daşary işler ministrligi habar berýär. Ýaponiýanyň elektronika enjamlaryny hem-de awtomobil eksportynda öňdebaryjy döwletleriň biridigini bellemek ýerlikli bolar.

Millionerleriň sany 34 göterim artar

Adam Smit institutynyň geçiren seljermelerine görä, 2028-nji ýyla çenli Ýewropanyň üç ýurdunda millionerleriň sany has köpeler. Olar Türkiýe, Russiýa we Şwesiýa döwletleridir. Bu ugurda Ýewropanyň liderligi Türkiýä degişli bolup, 2028-nji ýyla çenli bu ýurtda nagt pullar, paýnamalar, gozgalmaýan emläk we hususy pensiýa gaznalary ýaly ähli maliýe aktiwleriniň umumy bahasy 1 million amerikan dollaryndan gowrak bolan adamlaryň 34 göterim ýokarlanjakdygy çaklanylýar.

Kriptowalýutanyň ulanylyşy rekord derejä ýetýär

Bu barada «a16z» maýa goýum kompaniýasynyň täze barlagyna salgylanýan «Unchainedcrypto» ýazýar. Hasabatda sentýabr aýynda 220 million salgynyň azyndan bir gezek blokçeýn bilen aragatnaşyk saklandygy, munuň 2023-nji ýylyň ahyryna garanyňda, üç esse köpdügi aýdylýar.

“Gara altynyň” täze ýatagy

Golaýda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Uzynada» käninde «Türkmennebit» döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirligi tarapyndan ýene-de bir çuň guýy burawlanyp işe girizildi. 80-nji belgili täze guýynyň çuňlugy 6720 metr bolup, ol bir gije-gündiziň dowamynda 70 tonnadan gowrak senagat derejeli nebitkondensat akymyny almaga mümkinçilik berýär. «Uzynada» käni 2017-nji ýylda sebitde ilkinji gezek taslama çuňlugy 7150 metr bolan gözleg guýusynyň burawlaýyş işleri tamamlanyp, ondan senagat derejeli gaz kondensatynyň uly akymynyň alynmagy bilen ulanyşa girizilipdi. 2022-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz «Uzynada» meýdançasyna gelip, bu ýerdäki hem-de «Demirgazyk Goturdepe» ýatagyndaky alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy. Milli Liderimiz şol gezekki iş saparynda bu ýerde geçirilýän işleriň gerimini giňeltmek we önüm beriji guýularyň sanyny köpeltmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Täze guýynyň açylmagy ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Aziýa Ösüş banky Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw berýär

Aziýa Ösüş banky (AÖB) Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Türkmenabat, Mary, Aşgabat we Türkmenbaşy arasynda 1147 km demir ýol liniýasyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada bankyň Türkmenistandaky wekili Аrtur Andrisiak “Trend” habarlar gullugyna habar berdi. – Şu möhüm taslama gündogar-günbatar ugry boýunça 1147 km-lik demirýol liniýasyny döerebaplaşdyrmaga we elektrikleşdirmäge ýardam eder. Bu hem Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Tükrmenbaşy şäherini paýtagt Aşgabat hem-de Mary welaýaty bilen Özbegistan bilen serhetleşýän Türkmenabat şäherlerini birleşdirer – diýip, Аrtur Andrisiak belledi.

Durnukly ykdysady ösüşiň miweleri

Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürip, kuwwatlandyrmak babatda maksatnamalaýyn esasda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzda geçirilýän özgertmelere ýokary baha berdi. Ýurdumyzyň karz edaralarynyň arasynda bäsdeşlik gurşawy hereket edip, karz hyzmatlarynyň elýeterliligi, köp sanly bolmagy üpjün edilýär. Türkmenistanyň bank ulgamy ilkinjileriň biri bolup, karz edaralary tarapyndan hödürlenýän bank hyzmatlarynyň sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda bankara elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak, raýatlara howpsuz we tölegleri çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak, olary yzygiderli kämilleşdirmek ýaly çäreler amala aşyrylýar.

Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ykdysadyýetimiziň düýpli döwrebaplaşdyrylýan wagtynda demir ýol ulgamynyň hünärmenlerine hem uly talaplar bildirilýär. Şol talaplar olaryň işiniň dürli ugurlaryny — hojalygyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bazary öwrenmegiň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemek we häzirki zaman wagonlaryny netijeli peýdalanmak, ýolagçylar üçin hyzmatlaryň we howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, işgärler üçin iş şertlerini döretmek ýaly ugurlary gurşap alýar. Türkmenistan halkara ýollarynyň strategik taýdan möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, üstaşyr gatnawlary amala aşyrmaga uly mümkinçiligi bolan döwlet hökmünde ulag pudagynda ençeme iri taslamalary durmuşa geçirmegi teklip edýär. Bu taslamalar ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Ösüşli geljegimiziň ulgamy Dünýäniň aglaba ýurtlarynda giňden peýdalanylýan sanly ykdysadyýetiň biziň ýurdumyzda-da ornaşdyrylmagy ösüş-özgerişli ýolumyzda möhüm ädim boldy. 2019-njy ýylda Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Bu resminamanyň çäklerinde milli ykdysadyýetimizi we beýleki ulgamlary sanly ulgama geçirmek bilen bagly işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy ulgamyň ornaşdyrylmagynyň meselelerine uly üns berip, bu babatda anyk wezipeleri öňde goýýar.

Kämil önümçilik rowaçlanýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy eýýamyň ýyllarynda ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny çalt depginlerde we durnukly ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu iri pudagyň önümçilik kuwwatynyň öňdebaryjy täze tehnologiýalaryň hasabyna döwrebaplaşdyrylmagy netijeli ädim boldy. Garaşsyz döwletimizde arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyryldy. Şeýle ýokary önümçilik soňky ýyllarda ýurdumyzda täze tehnologiýaly elektrik stansiýalaryň gurlup, ulanmaga berilmeginiň hasabyna gazanyldy. Soňky ýatlanymyza mysal hökmünde Garaşsyz döwletimiziň energetika pudagynyň öňbaşçysy bolan Mary DES-niň senagat zolagynda işe girizilen döwrebap elektrik stansiýalarynyň ikisini agzamak bolar. Dürli kuwwatlykly bu täze desgalar iň täze tehnologiki enjamlar, innowasiýalar bilen üpjün edilendir. Olardaky tehnologiki önümçiligiň ykdysady tygşytlylyk babatda-da, ekologiýa taýdan has arassa önümçiligi bilenem düýpli tapawutlanýandygyny ýatlamalydyrys. Bu bolsa, ykdysady ösüşiň rowaç alyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýylsaýyn ýokarlanmagyna itergi berýär. Möhüm pudakdaky şeýle ösüş depgini milli ykdysadyýetimiziň öňe gitmeginde aýgytly ädimdir. Şeýle ösüş depgini “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaç alýar.

Taryhy ösüşler, rowaç menziller

Berkararlygyň we bagtyýarlygyň ýoly bilen täze ösüşlere tarap barýan döwletimizde milli ykdysadyýeti ähli taraplaýyn ösdürmeklige aýratyn ünsüň berilmegi döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Hut şonuň üçinem kabul edilýän maksatnamalar, durmuşa geçirilýän işler «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlara esaslanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen taryhy mejlisinde: «Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga şert döredýär» diýip belläp geçişi ýaly, ykdysady ösüşlerimiz bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, bolelin ýaşamagy, oňat okamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini  görkezýär.  «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda öňde goýlan wezipeler ýurdumyzy ösüşlere beslemek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak, haryt bolçulygyny döretmek ugrundaky işleriň barha rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr. Bedew batly ösüşler bolsa ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna mah

Ekeremde baýlygyň bar

Bu ýerlere her sapar ýolum düşende, obadaşymyz, şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Anna Kowusowyň: Ýok seriňde gaýgy-gamyň,Sap howadan alýaň demiň,Golaýyňda yşyk saçýarÝaňy dörän Ekeremiň.

Bähbitleri birleşdirýän iri taslamalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ykdysady özgertmeler halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegini nazarlaýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda häzirki döwürde ösüşiň ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin durup geçmek bilen, ähli ugurlarda amala aşyrylýan işleriň il-ýurt, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendigini nygtady. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerinde energetika pudagynda ýetilen belent sepgitleriň paýy uludyr. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde geçilen menzillere nazar aýlanyňda, şu günki üstünliklere getiren başlangyçlaryň yzygiderli, tapgyrlaýyn häsiýete eýe bolandygyna göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy iki gezek, ýagny 2008-nji we 2013-nji ýyllarda «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly taryhy Kararnamany kabul etdi. Şu ýerde birinji Kararnama BMG-ä agza döwletleriň 57-siniň, ikinjä 71-siniň awtordaş bolup çykyş etmegi ýurdumyzyň energetika ulgamynda garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň turuwbaşdan dünýä bilele

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 8 aýda $805,4 milliondan geçdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 805,4 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 727,1 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 78,3 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Hytaý Merkezi Aziýa awtoulaglar üçin ýük otlusyny işe goýberýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom etraby Gazagystanyň Almaty şäherine ýük otlusynyň gatnawyny ýola goýýar. Umumy bahasy 27 mln ýuana deň bolan ulag serişdeleri ýüklenen ilkinji ýük otlusy golaýda etrabyň paýtagty Urumçi şäherinden Gazagystana ýola düşdi. Bu barada «Daryo.uz» ýazýar. Ýük otlusynyň ugradylmagy Sinszýandan Merkezi Aziýa ilkinji ulag otlusynyň işe girizilmegini aňladýar, bu öz gezeginde Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ýol açýar.

FESCO Pars aýlagynyň portlaryna konteýner hyzmatyny ýola goýup başlar

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda FESCO ulag kompaniýalar topary Noworossiýsk, Hindistan we BAE FESCO Indian Line West portlarynyň arasyndaky yzygiderli ugruň esasynda Pars aýlagynyň ýurtlaryna deňiz konteýner hyzmatyny ýola goýup  başlar. Bu barada «FESCO Integrirlenen Ulag» kompaniýasynyň täjirçilik direktory Alekseý Krawçenko «#Законтейнерами» atly maslahatynynyň barşynda gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, 2023-nji ýylyň tomsunda FESCO Noworossiýsk bilen Hindistanyň portlarynyň arasynda deňiz ugruny açdy, bu hyzmatlara soňra «fider eginleri” (uly bolmadyk möçberdäki gämiler) arkaly Pakistana, Şri-Lanka, Bangladeşe we BAE-ne amala aşyrylýan hyzmatlar goşuldy.

Almaty şäheriniň golaýynda sygymlylygy 100 müň TEU bolan konteýner terminaly açylar

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň aýagyna çenli Almaty şäheriniň golaýynda ýerleşýän Burundaý stansiýasynda Burundaý konteýner terminalynyň (BCT) birinji tapgyry açylar. Bu barada geljekki terminalyň baş direktory Pulat Haitow «#Законтейнерами» maslahatynyň dowamynda gürrüň berdi we has aýdyň bolar ýaly, terminalyň çäginde häzirki wagtda meýdany 50 müň inedördül metr bolan konteýner terminalynyň plitasyny örtmek işleriniň tamamlanýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, birinji tapgyrda Burundaý konteýner terminalynyň kuwwaty 100 müň TEU barabar bolar. 2026-njy ýylda tamamlanjak ikinji tapgyrda terminalyň çäginde 19 müň inedördül metrlik «A» synpa degişli bolan ammar açylar. Terminala «Kalmar» kysymly konteýner ýükleýjileri, şeýle hem çarşakly ýükleýjiler hyzmat eder.

Suwçular sargytlara hötde gelýärler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär. Ägirt uly işleri bitirýän merdana nebitçileriň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň arassa agyz suwuna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem şu kärhananyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda pul hasabynda bitirilen işleriň 5 million 147 müň manatlyga barabar bolmagy-da suwçularyň öz öňlerinde goýlan belent wezipä abraý bilen hötde gelýändikleriniň subutnamasydyr. Kärhananyň hünärmenleri diňe bir ýerasty Ýasga kölüniň däl, eýsem, dürli ýataklardaky dik guýularyň, şeýle hem Hazar deňziniň suwlaryny hem önümçilik maksatly işlere ýeterlik mukdarda gönükdirmegiň hötdesinden gelýärler. Geçen hasabat döwründe müdirlik boýunça 2 million 366 müň kub metre barabar suw akdyrylyp, sarp edijileriň sargytlary doly kanagatlandyrylypdyr. Şonuň 1,4 million kub metre barabary arassa agyz suwy bolup, galany önümçilik we tehniki suwlardyr. Gazanylýan üstünlikleriň öz-özünden gelmeýändigi düşnüklidir. Munuň üçin kärhananyň degişli bölümlerinde düýpli seljermeler geçirilip, bar bolan mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanyp, işler takyk ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatynyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýäniň telekeçileri pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 142 müň dollaryna golaý boldy.