Adam Smit institutynyň geçiren seljermelerine görä, 2028-nji ýyla çenli Ýewropanyň üç ýurdunda millionerleriň sany has köpeler. Olar Türkiýe, Russiýa we Şwesiýa döwletleridir.
Bu ugurda Ýewropanyň liderligi Türkiýä degişli bolup, 2028-nji ýyla çenli bu ýurtda nagt pullar, paýnamalar, gozgalmaýan emläk we hususy pensiýa gaznalary ýaly ähli maliýe aktiwleriniň umumy bahasy 1 million amerikan dollaryndan gowrak bolan adamlaryň 34 göterim ýokarlanjakdygy çaklanylýar.