Aziýa Ösüş banky (AÖB) Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Türkmenabat, Mary, Aşgabat we Türkmenbaşy arasynda 1147 km demir ýol liniýasyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada bankyň Türkmenistandaky wekili Аrtur Andrisiak “Trend” habarlar gullugyna habar berdi.
– Şu möhüm taslama gündogar-günbatar ugry boýunça 1147 km-lik demirýol liniýasyny döerebaplaşdyrmaga we elektrikleşdirmäge ýardam eder. Bu hem Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Tükrmenbaşy şäherini paýtagt Aşgabat hem-de Mary welaýaty bilen Özbegistan bilen serhetleşýän Türkmenabat şäherlerini birleşdirer – diýip, Аrtur Andrisiak belledi.