Kämil önümçilik rowaçlanýar

16 Oktýabr 2024
349

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy eýýamyň ýyllarynda ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny çalt depginlerde we durnukly ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu iri pudagyň önümçilik kuwwatynyň öňdebaryjy täze tehnologiýalaryň hasabyna döwrebaplaşdyrylmagy netijeli ädim boldy. Garaşsyz döwletimizde arassa energiýa çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyryldy. Şeýle ýokary önümçilik soňky ýyllarda ýurdumyzda täze tehnologiýaly elektrik stansiýalaryň gurlup, ulanmaga berilmeginiň hasabyna gazanyldy.

Soňky ýatlanymyza mysal hökmünde Garaşsyz döwletimiziň energetika pudagynyň öňbaşçysy bolan Mary DES-niň senagat zolagynda işe girizilen döwrebap elektrik stansiýalarynyň ikisini agzamak bolar. Dürli kuwwatlykly bu täze desgalar iň täze tehnologiki enjamlar, innowasiýalar bilen üpjün edilendir. Olardaky tehnologiki önümçiligiň ykdysady tygşytlylyk babatda-da, ekologiýa taýdan has arassa önümçiligi bilenem düýpli tapawutlanýandygyny ýatlamalydyrys. Bu bolsa, ykdysady ösüşiň rowaç alyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýylsaýyn ýokarlanmagyna itergi berýär. Möhüm pudakdaky şeýle ösüş depgini milli ykdysadyýetimiziň öňe gitmeginde aýgytly ädimdir. Şeýle ösüş depgini “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaç alýar.