Suwçular sargytlara hötde gelýärler

14 Oktýabr 2024
393

«Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär. Ägirt uly işleri bitirýän merdana nebitçileriň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň arassa agyz suwuna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem şu kärhananyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda pul hasabynda bitirilen işleriň 5 million 147 müň manatlyga barabar bolmagy-da suwçularyň öz öňlerinde goýlan belent wezipä abraý bilen hötde gelýändikleriniň subutnamasydyr. Kärhananyň hünärmenleri diňe bir ýerasty Ýasga kölüniň däl, eýsem, dürli ýataklardaky dik guýularyň, şeýle hem Hazar deňziniň suwlaryny hem önümçilik maksatly işlere ýeterlik mukdarda gönükdirmegiň hötdesinden gelýärler. Geçen hasabat döwründe müdirlik boýunça 2 million 366 müň kub metre barabar suw akdyrylyp, sarp edijileriň sargytlary doly kanagatlandyrylypdyr. Şonuň 1,4 million kub metre barabary arassa agyz suwy bolup, galany önümçilik we tehniki suwlardyr.

Gazanylýan üstünlikleriň öz-özünden gelmeýändigi düşnüklidir. Munuň üçin kärhananyň degişli bölümlerinde düýpli seljermeler geçirilip, bar bolan mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanyp, işler takyk ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatynyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekligi gowulandyrmak barada kabul eden Kararyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ýasga suw käninde gurluşyk we düýpli abatlaýyş işleriniň uly toplumy durmuşa geçirilipdir. Müdirligiň garamagyndaky 49 sany topbakda täze guýularyň gazylmagy we olarda goşmaça bejeriş-dikeldiş işleriniň amala aşyrylmagy bitirilýän işleriň netijeliligini üpjün edipdir.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».