Durnukly ykdysady ösüşiň miweleri

16 Oktýabr 2024
349

Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürip, kuwwatlandyrmak babatda maksatnamalaýyn esasda düýpli işler durmuşa geçirilýär.

Bu babatda Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzda geçirilýän özgertmelere ýokary baha berdi. Ýurdumyzyň karz edaralarynyň arasynda bäsdeşlik gurşawy hereket edip, karz hyzmatlarynyň elýeterliligi, köp sanly bolmagy üpjün edilýär. Türkmenistanyň bank ulgamy ilkinjileriň biri bolup, karz edaralary tarapyndan hödürlenýän bank hyzmatlarynyň sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda bankara elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak, raýatlara howpsuz we tölegleri çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak, olary yzygiderli kämilleşdirmek ýaly çäreler amala aşyrylýar.

Şirin ÖWEZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.