Berkararlygyň we bagtyýarlygyň ýoly bilen täze ösüşlere tarap barýan döwletimizde milli ykdysadyýeti ähli taraplaýyn ösdürmeklige aýratyn ünsüň berilmegi döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Hut şonuň üçinem kabul edilýän maksatnamalar, durmuşa geçirilýän işler «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlara esaslanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen taryhy mejlisinde: «Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga şert döredýär» diýip belläp geçişi ýaly, ykdysady ösüşlerimiz bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, bolelin ýaşamagy, oňat okamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda öňde goýlan wezipeler ýurdumyzy ösüşlere beslemek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak, haryt bolçulygyny döretmek ugrundaky işleriň barha rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr. Bedew batly ösüşler bolsa ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna mahsus bolup, geljekki üstünlikleriň berk binýadyny üpjün edýär. Durnukly ykdysady ösüş strategiýasyny we giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki zaman tejribelerine laýyklykda ösen tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan sanly ykdysadyýete geçilmegi bolsa döwletimizde uzak möhletleýin we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň ösüş depginini çaltlandyrmaga, ähli ugurlarda ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýär.