2024-nji ýylyň oktýabr aýynda FESCO ulag kompaniýalar topary Noworossiýsk, Hindistan we BAE FESCO Indian Line West portlarynyň arasyndaky yzygiderli ugruň esasynda Pars aýlagynyň ýurtlaryna deňiz konteýner hyzmatyny ýola goýup başlar. Bu barada «FESCO Integrirlenen Ulag» kompaniýasynyň täjirçilik direktory Alekseý Krawçenko «#Законтейнерами» atly maslahatynynyň barşynda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, 2023-nji ýylyň tomsunda FESCO Noworossiýsk bilen Hindistanyň portlarynyň arasynda deňiz ugruny açdy, bu hyzmatlara soňra «fider eginleri” (uly bolmadyk möçberdäki gämiler) arkaly Pakistana, Şri-Lanka, Bangladeşe we BAE-ne amala aşyrylýan hyzmatlar goşuldy.