Almaty şäheriniň golaýynda sygymlylygy 100 müň TEU bolan konteýner terminaly açylar

15 Oktýabr 2024
378

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň aýagyna çenli Almaty şäheriniň golaýynda ýerleşýän Burundaý stansiýasynda Burundaý konteýner terminalynyň (BCT) birinji tapgyry açylar. Bu barada geljekki terminalyň baş direktory Pulat Haitow «#Законтейнерами» maslahatynyň dowamynda gürrüň berdi we has aýdyň bolar ýaly, terminalyň çäginde häzirki wagtda meýdany 50 müň inedördül metr bolan konteýner terminalynyň plitasyny örtmek işleriniň tamamlanýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, birinji tapgyrda Burundaý konteýner terminalynyň kuwwaty 100 müň TEU barabar bolar. 2026-njy ýylda tamamlanjak ikinji tapgyrda terminalyň çäginde 19 müň inedördül metrlik «A» synpa degişli bolan ammar açylar. Terminala «Kalmar» kysymly konteýner ýükleýjileri, şeýle hem çarşakly ýükleýjiler hyzmat eder.