"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana, Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz dürli ugurlarda ýola goýlan we özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna we ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, onuň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. ***

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä we «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä we «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň adyndan bu çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi babatda döreden ähli mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleriňiziň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleriň üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Aşgabat, 20-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şunda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidildi, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi we olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli hem halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.

Oba hojalygy: döwrebap tejribeler. giň mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak boýunça utgaşykly, ylmy esasly döwlet syýasaty halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň hem-de howpsuzlygynyň kepilidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli özgertmeleriniň rowaçlanýandygyny äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýetilýän sepgitleri mübärekläp: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz oba hojalyk pudagynyň işini halkara derejede ösdürmek, ony dünýä ylmynyň gazanan baý tejribesi bilen utgaşdyrmak, türkmen daýhanlarynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan özgertmeleri mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçireris. Oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleri dowam etdirmek bilen, tohumçylyk işini döwrüň talabyna görä kämilleşdireris» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we olaryň tohumçylygyny ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işler kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan azyk bolçulygyny üpjün etmekde belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyz diňe bir azyk

Ykdysady üstünlikleriň we ösüşleriň şöhlelenmesi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň üç günlük sergisinde ata Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, ýeten belent sepgitleri giňden şöhlelendirilýär. Bu iri gözden geçirilişe ykdysadyýetiň pudaklaryna degişli döwletiň garamagyndaky edara-kärhanalar, hususy düzümler bilen birlikde, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Biz sergä gatnaşyjylaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Lebap welaýaty: göwünleri galkyndyrýan sepgitler

Baş baýramymyz ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem uly dabaralar, zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýar. Jeýhunyň goşa kenarynda ýaşaýan bagtyýar ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna ykjam taýýarlykly geldiler. Soňky ýyllarda welaýatda amala aşyrylan işler göwnüňi galkyndyrýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler häzirki wagtda hem ýokary depginde alnyp barylýar. Şu ýylyň göwünlerde aýdyma öwrülen şygary lebaply zähmetkeşleriň ylham çeşmesine öwrüldi. Döwre ýaraşyk binalar

Etrap kazyýetiniň täze binasy

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň dabaralanýan günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem täze gurlan binalardyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrýar. Düýn bolsa welaýatyň Garagum etrap kazyýetiniň täze edara binasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Binanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, il sylagly ýaşulular, ak saçly mährem enelerimiz, dürli ýaşdaky we dürli kärdäki ildeşlerimiz ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Täze binalar — baş baýrama sowgat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy dürli maksatly täze binalaryň, döwrebap desgalaryň açylyş dabaralaryna beslenýär. Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň welaýat Polisiýa müdirlikleriniň düzümlerinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň täze edara binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi-de munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmek, bu ugurdaky işleriň gerimini giňeltmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Babadaýhan etrabynyň, Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Magtymguly, Etrek etraplarynyň, Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Wekilbazar, Garagum etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Halaç, Hojambaz etraplarynyň polisiýa bölümlerinde, şeýle-de Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň polisiýa bölümçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň bosagasynda içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin-de, sürüjiler

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdelmajid Tebbuna Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Watanymyzyň Garaşsyzlygy — gülläp ösüşleriň kepili

Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu forum aýratyn ähmiýete eýedir. Garaşsyz Türkmenistan ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan ýurt hökmünde ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä äşgär edýär.

Oba hojalyk pudagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirilýär Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi.

Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirip

Düýn paýtagtymyzda öz işine başlan Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata degişli pudakda iri taslamalary durmuşa geçirýän öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri, türkmen we daşary ýurt alymlary gatnaşdylar. Biz hem tejribeli oba hojalykçylaryň, alymdyr hünärmenleriň, işewürleriň käbirleriniň bu ylmy maslahatyň geçirilmeginiň maksady barada beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Wasiliý WOLOŞIN,Gazagystan Respublikasynyň «Agro Pro Trade» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory:

«Ýaşyl» we «akylly» şäher — täze eýýamyň nyşany

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen badalga berlen we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tutanýerli tagallalary esasynda gurluşygy dowam etdirilýän Arkadag şäheri entek taryhymyzda, şol sanda tutuş sebitde görlüp-eşidilmedik iri şähergurluşyk taslamasydyr. Ol bary-ýogy dört ýylyň içinde Köpetdagyň ajaýyp eteginde dörän iň döwrebap şäherdir. Mälim bolşy ýaly, gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Häzir onuň gurluşygynyň ikinji tapgyry üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy, şeýle hem “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy ýurdumyzyň şähergurluşyk ulgamynda innowasion esaslara daýanýan başlangyçlaryň hem-de çözgütleriň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändigini we goldanylýandygyny görkezýär. Arkadag şäheri döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň häzirki zaman şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol ýurdumyzda başy başlanan uly maksatlaryň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

Işewürleriň baýramçylyk sowgatlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän syýasat ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzy röwşen geljege alyp barýar. Ýurdumyzda her ýyl medeni-durmuş we önümçilik maksatly köp sanly binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Diýarymyzyň sebitlerinde täze şäherçeler, döwrebap obalar peýda bolýar. Ýurdumyzda bina edilýän ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, sport toplumlarydyr mekdepleriniň... gurluşygyna türkmen işewürleri işjeň gatnaşýarlar. Olaryň güýji bilen soňky birki ýylyň içinde medeni-işewürlik maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Netijede, işewürlere giň gerimli, iri taslamalaryň gurluşyklary-da ynanylýar.

Il agzy

Könekileriň «Alla gözden salmasyn!» diýen sözleri, gepiň gerdişine görä, heniz-henizlerem ulanylagan. Ol-a, adama ilki buýrulan söz eken, sebäbi bolmasa çöp başy gymyldaýamy diýsene! Gelende aglap, ýöne begendirip, gidende agladyp gidýän adam oglunyň şu ikaradaky ömür diýlip goýberilen, kime näçeräkligi näbelli pursadynda bar zat sebäpli. Sen onuň şeýledigini inkär etjek bol, başartmaz, ykrar tarapyna geçeniňi, şonluk bolanyňy duýmanlar galarsyň. Döreýiş taryhy milliardlap, millionlap ýyllary hasyl eden zamanadyr eýýamlaryň içinden geçip gaýdan ummanlardyr deňizler öz-özünden dörändir öýdýäňizmi? Ýok-la. Munda bisebäp zat barmy? Heniz gaty gadymy, juda irki döwürden söz açylsa, ony Nuh eýýamyna, Nuhuň tupanyna deňelegen. Nuh ata halas bolmak üçin gämä münäýmänkä, ýokardan gelen buýruk bilen her jandardan bir jübütini ýanyna alýar. Gidip barşyna günleriň birinde gury ýere gözi düşmezmi? Munuň şeýle boljagyny heniz ýoldaka agzy guruja çöpli kepderiniň bolşundan-da oraşan aňan Nuh, aman-sag ýere düşýär. Dünýäniň süri-süri dowarynyň urbalygy Nuh atanyň gury ýere çykaran mallaryndan bolarly. Biziňkilerde «Dowar başy dörtden, düýe başy birden» diýen gürrüň bar. Ol goýun ýa düýe urbasyny tutunjagyň gürrüňi. Urba edinjek bolýan goýun bolsa Musasynda, düýe bolsa Weýis babasynda belli maly göz astyna alagan bolýar. Urbasy şeýde-şeýde tutulan mal, elbetde, orta mekdebiň matematikasyndaky