"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — rowaçlygyň we bagtyýar çagalygyň ýurdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy Aşgabat, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Çoý Sang-moka “Jeju Air” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady. Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini barha ýokarlanýar. Dürli maksatly binalaryň we lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2025-nji ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Lideriniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemleýän häzirki günlerimizde Siziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyňyzyň ilkinji nusgasyny elimize aldyk. Täze kitabyňyzyň neşir edilmegi mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljak şeýle eserleriňiziň höwrüniň köp, döwet galamyňyzyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyz rowaç bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara giňişlikde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Geljek ýylyň şygary hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde sebit we ählumumy derejedäki meseleleriň oňyn çözülmegi babatda öňe sürýän teklipleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu teklipler dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar hem-de wajyp resminamalarda öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halklaryň arasynda parahatçylyk medeniýetini we hormat goýmak dialogyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleriniň aýdyň beýanydyr. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hatlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsanperwer syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belleýärler. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de üstünlikl

Arzuwlaryň hasyl bolýan mekanynda

Täze ýyl baýramynyň giň gerimli dabaralara beslenýän günlerinde, 28-nji dekabrda paýtagtymyzyň mümkinçiligi çäkli we durmuş goraglylygyna mätäç ýaşaýjylarynyň 30-dan gowragyna «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda gurlan, ähli amatlyklar döredilen döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öýleriň açarlary gowşuryldy. Şu mynasybetli geçirilen dabara Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular we täze jaýdan paýly bolan paýtagtlylar gatnaşdylar. Ata-babalarymyzyň ejizi goldamak, mätäje kömek etmek ýaly asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyryp, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gysga we uzak möhletleýin durmuş-ykdysady maksatnamalarda ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak we durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak wezipelerine aýratyn orun berilýär. Täze jaý toýlary hem bu hakykatyň aýdyň mysaly boldy.

Dostluk owazlary — kalplara ylham

Öňňin, 28-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli türkiýeli estrada ýyldyzy Gülşen Baýraktaryň konserti guraldy. Ol 23 — 28-nji dekabr aralygynda daşary ýurtly meşhur aýdymçylaryň gatnaşmagynda geçirilen konsert maksatnamalarynyň jemleýjisi boldy. Biz şowhunly aýdymlary bilen, esasan-da, ýaşlaryň arasynda giňden tanalýan zehinli aýdymçynyň döredijiligi, türkmenistanly diňleýjilerine sowgat getiren aýdymlary hakyndaky täsirli gürrüňlerini hem-de Täze ýyl gutlaglaryny ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik. — Türkmenistana ikinji gezek gelşim. Bu ýerde özümi Watanymda ýaly duýýaryn. Türkmen doganlarymyzyň arasynda bolup, olaryň baýramçylyk şatlygyny deň paýlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygymyň çägi ýok. Aşgabat şäherine her gezek gelenimde, onuň gözelligine täzeden aşyk bolýaryn. Şäheriň özboluşly sungat eserine çalym edýän ajaýyp keşbi halkyň abadan durmuşy ugrunda edilýän tagallalary hem aýdyň görkezýär.

«Ak ýoluň» baýramçylyk berekedi

Durky täzelenip, golaýda dabaraly ýagdaýda açylan «Ak ýol» bazary öňden hereket edýän ak bazarlaryň üstüni ýetirip, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Şu günlerde bu bazarda hem baýramçylyk söwdasy barha gyzyşýar. Umumy meýdany 11 müň inedördül metre barabar bolan döwrebap bazar 280-den gowrak dükany, sowadyjy ammarlary, tikinçilik önümhanalaryny, gözellik salonlarydyr dellekhanany, şeýle-de ugurdaş desgalaryň birnäçesini öz içine alýar. Täze ýyl öwüşginine beslenen döwrebap bazaryň owadan keşbi göreniň ünsüni özüne çekýär. Iki gatly mermer binalarda ýerleşýän dükanlaryň deňinden biparh geçmek mümkin däl. Çünki olaryň hersi özboluşly bezegi, harytlarynyň dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Täze ýyl arçalary, bezegleri we sowgatlary satylýan dükanlar bada-bat gözüňe ilýär. Bazaryň uly ýola bakyp duran 8-nji dükany köp adamly. Ol ýerde Täze ýyl sowgatlarynyň ullakan sandyklardyr sebetlerdäki, owadan gaplardyr haltajyklardaky görnüşleri bar. Bazaryň iç ýüzünde ýerleşýän «Sowgatlar dükany» bolsa ertekiler dünýäsini ýada salýar. Dükanyň tekjelerini bezeýän, Aýazbabadyr Garpamygyň, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilleri çekilen gaplardaky Täze ýyl sowgatlaryna çagalar has-da höwesli. Täze ýyl arçalarynyň bezegi bolan älemgoşar öwüşginli zerler, dürli jäjekler, oýnawaçlar, çyrajyklar dükanyň içine has-da

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... +1 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dürli görnüşli matalar we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 828 müň dollaryndan gowrak boldy.

«Akylly» şäheriň döwrebap söwda merkezinde

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramçylygyna giňden taýýarlyk görmek, onuň bellenilýän günlerinde bazarlary dürli harytlar, azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatdaky tabşyryklaryna laýyklykda, Arkadag şäherinde hem söwda nokatlarynyň işi göwnejaý guraldy. Hususan-da, şu günler şäheriň «Gökdere» söwda merkezinde baýramçylyk söwdasy gyzgalaňly dowam edýär. Baýramçylyk bezegleri bu ýere gelýänleriň şatlygyny has-da artdyrýar. — Täze ýylyň barha golaýlaşýan şu günlerinde şäheriň ýaşaýjylary baýramçylyga uludan taýýarlyk görýärler. Müşderiler üçin Täze ýyl sowgatlyklarynyň dürli görnüşlerini taýýarladyk. «Akylly» şäheriň ýaşaýjylarynyň söwda merkezimiziň hyzmatyndan hoşal bolmaklary bizi örän begendirýär. Şeýle döwrebap şertlerde işlemek, halkymyza netijeli hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys — diýip, «Gökdere» söwda merkeziniň «Kuwwat» marketiniň hünärmeni aýdýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Täze ýyl. Täze şäher. Täze jaý

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherinde bagtyýar maşgalalaryň birnäçesi döwrebap öýleriň açaryny alyp, jaý toýlaryny tutdular. Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň köp gatly ýaşaýyş jaý toplumynda ýaýbaňlandyrylan dabara ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň Täze ýylyň öňüsyrasyndaky her bir gününiň şatlykly wakalara beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň, beýleki edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Munuň özi ýurdumyzyň hem halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalaryň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän jaýlaryň giň, ýagty öýlerine göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny guwanç bilen nygtadylar.

Türkmen diplomatlaryna baýramçylyk sowgady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan günleri Özbegistanda işleýän türkmen diplomatlary üçin ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Düýn Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýy açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň ynsanperwerlige, dost-doganlyga esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýan diplomatik gullugyň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş-durmuş we iş şertleriniň döredilýändigini aýdyň görkezmek bilen, buýsanjyňa buýsanç goşýar. Täze jaýyň açylyş dabarasyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Daşkentde işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden iki ýurduň resmi wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň pugta syýasy erki esasynda amala aşyrylýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledile

Ýylyň ady — döwre şan

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna buýsançnama «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryny baýdak edinen bereketli ýylymyz ahyrlap barýar. Täze ýyly joşgun bilen garşylaýarys. Ilki bilen, ony mynasyp atlandyrýarys. Bu biziň asylly däbimiz.

Pyragynyň italýan dilindäki diwany —

Aşgabatdan Rime ylham köprüsi Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine goşan uly goşandy bu günki gün giňden ykrar edilýär. Dana Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň altyn hazynasynda orun alan eserleri köp dillerde terjime edilip, türkmen şygryýetiniň abraýyny belende göterýär. Şol terjimeler daşary ýurtly okyjylar üçin türkmen halkynyň beýik oglunyň şygyrlarynyň many-mazmunyna, filosofik garaýyşlaryna düşünmegiň açary bolup hyzmat edýär. Doglan gününiň üç asyrlyk senesiniň bellenilýän ýylynda söz ussadynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde-de neşir edildi. Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara hem Magtymgulynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny tanyşdyrmaga bagyşlandy.