«Ak ýoluň» baýramçylyk berekedi
Durky täzelenip, golaýda dabaraly ýagdaýda açylan «Ak ýol» bazary öňden hereket edýän ak bazarlaryň üstüni ýetirip, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Şu günlerde bu bazarda hem baýramçylyk söwdasy barha gyzyşýar. Umumy meýdany 11 müň inedördül metre barabar bolan döwrebap bazar 280-den gowrak dükany, sowadyjy ammarlary, tikinçilik önümhanalaryny, gözellik salonlarydyr dellekhanany, şeýle-de ugurdaş desgalaryň birnäçesini öz içine alýar. Täze ýyl öwüşginine beslenen döwrebap bazaryň owadan keşbi göreniň ünsüni özüne çekýär. Iki gatly mermer binalarda ýerleşýän dükanlaryň deňinden biparh geçmek mümkin däl. Çünki olaryň hersi özboluşly bezegi, harytlarynyň dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Täze ýyl arçalary, bezegleri we sowgatlary satylýan dükanlar bada-bat gözüňe ilýär. Bazaryň uly ýola bakyp duran 8-nji dükany köp adamly. Ol ýerde Täze ýyl sowgatlarynyň ullakan sandyklardyr sebetlerdäki, owadan gaplardyr haltajyklardaky görnüşleri bar. Bazaryň iç ýüzünde ýerleşýän «Sowgatlar dükany» bolsa ertekiler dünýäsini ýada salýar. Dükanyň tekjelerini bezeýän, Aýazbabadyr Garpamygyň, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilleri çekilen gaplardaky Täze ýyl sowgatlaryna çagalar has-da höwesli. Täze ýyl arçalarynyň bezegi bolan älemgoşar öwüşginli zerler, dürli jäjekler, oýnawaçlar, çyrajyklar dükanyň içine has-da