"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşylarys. 2025-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylan ýyly.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi beýik ösüşler, belent maksatlar bilen ruhubelentlikde garşylanylýan täze ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese ýurduň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Migel Mario Dias-Kanel Bermudese tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Kuba Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Bitaraplygyň mekany — Türkmenistan, Täze ýylyň gutly bolsun!

Türkmen halky 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady Aşgabat, 31-nji dekabr — 1-nji ýanwar (TDH). Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar halky ýetip gelen täze ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşy alýar.

Asyrlaryň arzuwy

Ýyl başlanýar bu gün biziň illerdeAdy bilen beýik Parahatlygyň, Ady bilen keramatly Ynamyň! Damja ömri ummanyna gatdygym,Gudratyna sygynanym, syganym — Ata ýurdum,                           rowaç bolsun ýollaryň!Sen çelgi saýlap sen goşa gudraty — Isläp onuň giň jahana dolmagyn. Arkadagyň dünýä ýaýmasydyr bu — Ynamyň ykbala des-deňdigini,Ýüregiň ýaragdan rüstemdigini,Müňýyllyklarboýy goja dünýädeParahatlyk tugun parladan iliň,Ine, şu garagöz türkmendigini.

Beýik döwrüň täze sahypasy

Ynha, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene-de bir sahypasy açyldy: ak arzuwlar, belent maksatlar bilen täze ýyla gadam basdyk. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, 2025-nji ýyl ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şygarda Milli Liderimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygrynyň belent ruhy bar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Täze ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl dolýandygy bu ýylyň, hakykatdan-da, öz adyna eýe boljakdygyna, giň gerimli, şanly wakalara beslenjekdigine çuňňur ynam döredýär.

Ildeşimiziň 107-nji Täze ýyly

Ýyllar kerwen hataryny gurap, nobatma-nobat geçip dur. Biz ýene bir täze ýyla — 2025-nji ýyla gadam goýduk. Bütin halkymyz agzybirlikde we jebislikde Täze ýyl baýramyny uludan belleýär. Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýdogdy Amadyýewleriň döwletli maşgalasynda hemmeleri bir saçagyň başyna jemleýän bu baýramyň şowhuny has-da başgaça. Maşgalanyň kethudasy, «neberesi hatar syrgyn» diýilýän Aýdogdy aga häzir 107 ýaşyň içinde. Ol ogul-gyzlary, agtyklary, 100-e golaý çowlugy, 40-dan gowrak ýuwlugy bilen bagtyýar ömür sürýär. «Ömrüň gymmatyny uzak ömür sürenden sora!» diýilýär. Uruş weterany, durmuşyň kynçylygynda taplanan ýaşuly bilen gürrüňdeş bolanymyzda, zähmetiň adamy hakyky adam edip ýetişdirýändigini, ömrüň gymmatynyň halallykdadygyny, agzybirlikdedigini nygtaýar.

«Çagaly öý — bazar»

Täze ýyl baýramyny öz öýüňde, maşgalaň ähli agzalary bilen bir saçagyň başyna üýşüp, agzybirlikde bellemek ynsan ykbalyna ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyş edýär. Täze ýyly täze şäherde, täze jaýda garşylamak bolsa özboluşly buýsanjy, üýtgeşik ýakymy bilen baýramçylyk şatlygyňy artdyryp, ol has bagtlylykdan, nesibelilikden nyşandyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny taryh gatyna ugradyp, täze — 2025-nji ýyly garşylaýan günlerimizde-de bu ajaýyp bagt watandaşlarymyzyň ençemesine miýesser etdi. Olaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň degişli Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan köp çagaly eneler hem bar. Şeýle ajaýyp bagtdan paýly döwletli öý-ojaklaryň biri-de Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň tehniki hünärmeni Döwletmyrat Aýdogdyýewleriň bagtyýar maşgalasydyr. — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly biziň maşgalamyzyň durmuşynda hem iň ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Ol unudylmajak wakalary, bagtly pursatlary bilen ýüregimize ýazyldy. Tamamlanan ýylda ýurdumyz boýunça köp çagaly maşgalalaryň arasynda geçirilen «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» atly bäsleşikde Arkadag şäherine wekilçilik edip, ýeňiji bolduk. Biziň maşgalamyza Arkadag şäherindäki ähli amatlyklar döredilen döwrebap jaýlaryň birinden bäş otagly öýüň berilmegi bolsa şatlygymyzy, bagtyýarlyk buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Ýurdumyzda köp çagaly maşgalalar, olar

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Çary BERDIÝEW, Türkmenistanyň halk artisti:

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri giňden ýaýmak, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklaryny ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Sizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny täze — 2025-nji ýylyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlamaga we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 30-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Siziň Alyhezretiňiz, maňa Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylmagy we Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryňyz, hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin! Meniň iki doganlyk halkyň arasyndaky medeni we dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmäge goşan ujypsyz goşandymy ykrar edip, Siziň iberen hatyňyzy almak meniň üçin örän uly hormatdyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly täze üstünlikleriň, belent sepgitleriň ýyly bolar

2024-nji ýylyň soňky hepdesi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň düzümlerini kämilleşdirmäge, döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň 23-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerinde alnyp barylýan işlere garaldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmelidigini, gowaça ekişine bellenilen talaplara laýyklykda taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ylmyň giň gözýetimlerini nazarlap

Bilşimiz ýaly, ýakynda Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda gurluşygy dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak bilen, bu babatda özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi, şeýle-de ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça möhüm ähmiýetli ugurlardyr wezipeleri kesgitledi. Şunda häzirki zaman ylmyndan we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylmagynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmagyna hem möhüm ähmiýet berildi. Bu waka ýokary okuw mekdebimizde zähmet çekýän professor-mugallymlary, ylmy işgärleri we bilim alýan talyplary diýseň begendirdi hem-de has netijeli işlere, täze üstünliklere ruhlandyrdy. Alym Arkadagymyz ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyna üns çekmek bilen, hemmetaraplaýyn ukyp-başarnykly, öz işine yhlasly çemeleşýän işgärler bolmagy üçin olaryň üç sany ukyby özlerinde jemlemeginiň gerekdigini, ýagny öz saýlap alan ugruny gowy bilmeginiň, sanly tehnologiýalardan baş çykarmagynyň we daşary ýurt dillerini oňat özleşdirmeginiň zerurdygyny aýratyn belledi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem döwrüň talabyndan ugur alnyp, geljekde ylmyň dürli ugurlaryndan ylmy işleri alyp barjak ýaş alymlardyr hünärmenler taýýarlanylýar. Onuň

Älemiň goşa ganaty

Geljek ýylyň şygary we nyşany hakynda kelam Türkmençilikde gowy görülýän zada at berlip, onuň öz manysyny açyp, şol ada hem mynasyp bolmagy islenilýär. Soňky döwürde bolsa ýurdumyzda her täze ýyla at bermek, bütin ýylyň möhüm ähmiýetli wakasyny beýan edýän nyşany tassyklamak däbi-de ýola goýuldy. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl hem görnükli türkmen söz ussady, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen atlandyryldy. Ýylyň dowamynda türkmenistanlylaryň we tutuş dünýä bileleşiginiň gözüniň alnynda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirildi.

Bagtyýar durmuşyň höziri

Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl rysgal-berekedi bilen her bir öýe özüniň nuruny çaýdy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi bolsa ildeşlerimize bu ýyl bilen bagly ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyşlady. Täze jaýly bolmak — rysgal-döwletlilikden nyşan. Onda-da ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinden jaýly bolmagyň gadyry başgaça. Şeýle günlerde ýakynlaryňdyr dostlaryň «Ýurt garşy alsyn!» diýen sözleri göwne ganat berýär. Ine, şeýle bagt miýesser eden Dawutmyrat Hojamgulyýewiň maşgalasynyň hem şu ajaýyp ýylda Arkadag şäheriniň Kerim Gurbannepesow köçesindäki 5 gatly, 40 öýli jaýlardan paýly bolandygyna begenjiniň çägi ýok. Häzirki wagtda Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde matematika mugallymy bolup zähmet çekýän Dawutmyrat täze jaýda täze ýyly garşy almaga uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýändigini aýtdy.

Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi

Düýn şeýle at bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde žurnalistleriň, hünärmenleriň, fotosuratçylaryň we beýleki ähli gyzyklanma bildirýänleriň arasynda yglan eden döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň binasynda geçirilen dabara bäsleşigiň ýeňijileri, guramaçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Iki ugur, ýagny makalalar we fotosuratlar boýunça ýeňijileri kesgitlenen bäsleşik oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Muňa olaryň bäsleşige hödürlän köp sanly makalalarydyr fotosuratlary aýdyň şaýatlyk edýär. Hatda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary hem bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirip, öz işlerini hödürlediler. Netijede, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bäsleşigiň soňky möhletine çenli dürli ýaşdaky, dürli kärdäki awtorlardan gelip gowşan köp sanly makalalar we fotosuratlar toplumy hasaba alyndy. Olaryň köpüsi gazetiň dürli sanlarynda «Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi» diýen rubrika astynda çap edilip, okyjylara ýetirildi.

Bolçulygyň we pähim-paýhasyň ýyly

Halk arasynda iň irki zamanlardan bäri ýaşap gelýän ynam-ygtykada görä, her ýylyň gelşi adyny göterýän jandarynyň häsiýetine, ýaşaýşyna, tebigatda özüni alyp barşyna meňzeýär diýilýär. Müňýyllyklaryň synagyndan geçen bu ynançdan ugur alnanda, 2025-nji — ýylan ýyly bolçulygyň we pähimli çözgütleriň ýyly bolmaly. Türkmen halk döredijiliginde ýylan hemişe misilsiz hazynanyň eýesi, şonuň bilen birlikde-de, akylly jandar hökmünde suratlandyrylýar. Mysal üçin, gadymy Änewiň metjidiniň girelgesindäki ýylan şekilli aždarhalaryň şekili baradaky rowaýat köpleriň ýadyndadyr. Günlerde bir gün daň-säher çagy Änew galasynyň entek ýapyk duran derwezesi gaty-gaty kakylypdyr. Derwezeban seretse, bir äpet aždarha towlanjyrap, arasynda-da daga tarap kellesini silkeläp, bir zatlar düşündirjek bolup dur eken. Derwezeban şol wagtlar säher seýline çykan hökümdara bu ýagdaýy habar beripdir. Hökümdar öz nökerleriniň birtoparyna aždarhanyň yzyna düşüp, onuň görkezjek bolýan ýerine gitmegi buýrupdyr. Aždarha nökerleriň öňüne düşüp, ilerik — daga tarap gidiberipdir. Baryp görseler, ýaňky aždarhanyň hemrasy bir goçy ýuwudan eken-de, goçuň şahy onuň bogazyna çümüp galypdyr. Bärden baran adamlar ony byçgy bilen kesip, aýryp, aždarhany halas edipdirler.