Bolçulygyň we pähim-paýhasyň ýyly
Halk arasynda iň irki zamanlardan bäri ýaşap gelýän ynam-ygtykada görä, her ýylyň gelşi adyny göterýän jandarynyň häsiýetine, ýaşaýşyna, tebigatda özüni alyp barşyna meňzeýär diýilýär. Müňýyllyklaryň synagyndan geçen bu ynançdan ugur alnanda, 2025-nji — ýylan ýyly bolçulygyň we pähimli çözgütleriň ýyly bolmaly. Türkmen halk döredijiliginde ýylan hemişe misilsiz hazynanyň eýesi, şonuň bilen birlikde-de, akylly jandar hökmünde suratlandyrylýar. Mysal üçin, gadymy Änewiň metjidiniň girelgesindäki ýylan şekilli aždarhalaryň şekili baradaky rowaýat köpleriň ýadyndadyr. Günlerde bir gün daň-säher çagy Änew galasynyň entek ýapyk duran derwezesi gaty-gaty kakylypdyr. Derwezeban seretse, bir äpet aždarha towlanjyrap, arasynda-da daga tarap kellesini silkeläp, bir zatlar düşündirjek bolup dur eken. Derwezeban şol wagtlar säher seýline çykan hökümdara bu ýagdaýy habar beripdir. Hökümdar öz nökerleriniň birtoparyna aždarhanyň yzyna düşüp, onuň görkezjek bolýan ýerine gitmegi buýrupdyr. Aždarha nökerleriň öňüne düşüp, ilerik — daga tarap gidiberipdir. Baryp görseler, ýaňky aždarhanyň hemrasy bir goçy ýuwudan eken-de, goçuň şahy onuň bogazyna çümüp galypdyr. Bärden baran adamlar ony byçgy bilen kesip, aýryp, aždarhany halas edipdirler.