Gözelligiň göwheri
Şu günler agzybir hem zähmetsöýer halkymyz mähriban Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny dabaraly belleýär. Waspa mynasyp Aşgabadyň tarypy şirin sözli şahyrlaryň dilinde belent ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitaby päk zähmetiň gaýnap-joşýan, agzybirligiň hem asudalygyň höküm sürýän ýurdunyň mermer paýtagtynyň waspnamasydyr. Bu ajaýyp kitap okadýan 2-nji synpymda guran terbiýeçilik sagadymyň aýratyn temasy boldy. Bu kitaby eline alanynda, okyjynyň ünsi onuň ajaýyp fotosuratlar bilen örän oňat bezelendigine gönügýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, medeni taýdan ýokary derejeli, dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň şu günki ajaýyp keşbiniň waspa mynasypdygyny aňladýar. Ynsanyň pähim-paýhasy, döredijilikli, halal zähmeti bilen bina edilen, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, orta mekdepler, çagalar baglary, edara-kärhanalaryň binalary dünýä nusgalykdygy bilen biziň kalbymyzy guwançdan doldurýar, eziz Watanymyza bolan çäksiz buýsanjymyzy artdyrýar. Sapakda kitapdaky ajaýyp suratlar, olaryň haýsy binalardygy, näçenji ýyllarda gurlandygy, haýsy pudak üçin niýetlenendigi barada okuwçylara düşünje berdim. Kitabyň girişinde ýürek bilen başyny başlan işiň bitýändigi we onda gowy netijeleri gazanyp bolýandygy hakynda hormatly Prezidentimiz belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu aj