Başarnyk tejribä bagly

18 Maý 2021
1916

Başlangyç synplaryň okuwçylary bilen türkmen dili dersi boýunça okuw sapaklary guralanda, biziň her birimiziň öňümizde synp tagtamyzyň, okuw kitaplarymyzyň, iş depderlerimiziň, kompýuterlerimiziň bardygy adaty ýagdaýdyr. Okuwçylar bilen işlemäge girişilende, mugallym synp tagtasyndan, okuw kitaplaryndan, suratlardan, çagalaryň ýazuw endiklerini ösdürmek maksady bilen, iş depderlerinden peýdalanyp biler.

Orta mekdebiň 3-nji synp okuwçylary bilen türkmen dili dersinde «Söz, onuň ýazuw düzgünleri (söz we söz bölekleri. Asyl söz we goşulma. Söz ýasaýjy we söz üýtgediji goşulmalar. Y, i, u, ü çekimlileriň sözüň ikinji bognunda düşýän ýagdaýlary we ş.m.)» diýen temalar öwredilende, her tema bilen baglanyşykly gönükmeler işledilende, olary oýun görnüşinde bermek mümkindir.

Mähri ÝUSUPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy.