Ýeňişli menziller

19 Maý 2021
1252

Ýurdumyzda ylym-bilimiň täze basgançaklaryna çykýan, zehinli ýaşlaryň bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar, begendirýär. Olar özleriniň bilimi, zehini bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Begenç Bahramow hem zehinli ýaşlaryň biri hökmünde tanalýar. Biz Begenç bilen her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda tanyş bolduk. Ol bu bäsleşikde biologiýa dersi boýunça ikinji orna mynasyp boldy.

Mugallymlarynyň aýtmaklaryna görä, ol elmydama biologiýany çuň öwrenmeklige, himiýa, matematika derslerinden meseleleri çözmeklige gümra. Sapakdan boş wagt tapdygy hem mugallymynyň ýolbaşçylygynda oýlap tapyjylyk bilen meşgullanýar.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.