Önümçilik bilen utgaşykly

18 Maý 2021
1163

Biz — ýaşlaryň öwrenýän hünärlerimiz boýunça bilimlerimizi çuňňur özleşdirmegimiz we baýlaşdyrmagymyz barada hormatly Prezidentimiz yzygiderli alada edýär. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary hem hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim, hünär öwrenmek, jemgyýetimize gerekli hünärmenler bolup ýetişmegimiz baradaky sargytlaryny berjaý etmek üçin bilimlerini has-da kämilleşdirýärler.

Uniwersitetimiziň ähli fakultetlerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň möwsümleýin hasap-synaglaryny üstünlikli tamamlap, okuw tejribeliklerde bolmaklary aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi olaryň okuw ýylynyň dowamynda alan nazary bilimlerini berkitmäge ýardam edýär. Talyplaryň şeýle tejribelik okuwlary uniwersitetimiziň Weterinar lukmançylygy fakultetinde hem guramaçylykly guraldy. Tejribelik okuwlary, esasan hem, Mary welaýatynyň Tagtabazar we Serhetabat etraplarynyň Saryja we Galaýmor maldarçylyk hojalyklarynda, Ahal welaýatyndaky «Sahabatly» hojalyk jemgyýetinde, «Şa ýoly» oba hojalyk maldarçylyk toplumynda, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda, Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, Aşgabat şäherindäki Janly tebigatyň mili muzeýinde, uniwersitetimiziň okuw-tejribe hojalygynyň maldarçylyk fermalarynda geçirildi. Okuw tejribeliklerimizi geçenimizde Ahal welaýatyndaky «Sahabatly» maldarçylyk toplumynda önümçilik işleriniň ählisiniň mehanizmleşdirilendigini we awtomatlaşdyrylandygyny gördük. Toplumyň çäginde iri baldakly otlary saklamak üçin bassyrmalar, silos çukury, iým ammarlary bar. Sagymhana bölüminde bir wagtda 32 sygyr sagylýar.

Magtymguly HANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.