Terbiýeçilik sagatlaryny guramaçylykly geçirmek

23 Maý 2021
1086

Mekdepde terbiýeçilik sagatlaryny guramagyň çagalar üçin möhüm ähmiýeti bar. Munuň üsti bilen çagalara ýurdumyzda bellenilýän seneler, milli we ruhy gymmatlyklar, medeni miras barada düşünje berip bolýar. Okadýan 3-nji synpymda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Haly — türkmeniň köňül nagşydyr» diýen tema boýunça okuwçylardan öýe tabşyran ýumşumy soradym. Çagalar bu tema taýýarlykly gelipdirler. Haly dokamak üçin gerek bolan önümleri, esbaplary ýeke-ýeke sanadylar. Halynyň sapaklarynyň goýnuň ýüňünden edilýändigi barada hem aýtdylar. Bu tema boýunça okuwçylar bilen paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen halysynyň Milli muzeýine gaýybana gezelenç etdik. Muzeý bilen baglanyşykly taýýarlan prezentasiýamy multimedia tagtasynyň üsti bilen okuwçylara görkezdim. Bu ýerdäki äpet halylar we iň kiçijik halyça, olaryň dokalyşy barada okuwçylara maglumat berdim. Muzeýde täsin we seýrek duş gelýän haly önümlerine hem gabat gelmek bolýandygy hakynda aýtdym. Adatça, haly we haly önümlerinden suw geçýär, ýöne muzeýde bir inedördül metrde 1 million 355 müň çitim bolan suw geçirmeýän haly beýleki halylardan aýratyn tapawutlanýar. Muzeý zalynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen iň uly haly hem saklanýar. Haly muzeýi baradaky görkezen slaýd şekillerim okuwçylarda aýratyn täsir galdyrdy. Görkezen slaýd şekillerim boýunça okuwçylar bilen sowal-jogap alyşdym.

Öý işini jemläp, okuwçylara täze temany düşündirdim. «Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat!» atly temany gürrüň berýän pursadymda okuwçylara paýtagtymyzdaky binalaryň atlaryny aýtdyrdym. Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýylyň dolmagy mynasybetli baýramçylygyň haçan belleniljekdigi we Aşgabat şäheriniň gününiň haçan döredilendigi barada maglumat berdim. Gahryman Arkadagymyzyň baýramçylyga sowgady bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň halkymyza gowşandygy barada aýdyp, kitap bilen okuwçylary tanyşdyrdym. Kitapdaky binalaryň owadan suratlaryny okuwçylara görkezdim. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgusyny çagalara okap berdim.

Gülälek BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 134-nji orta mekdebiň mugallymy.