Synaglary geçirmekde okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek

18 Maý 2021
1365

Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerinde başlangyç, esasy orta, umumy orta bilim maksatnamalarynyň okuwçylar tarapyndan özleşdirilmeginiň netijelerini bahalandyrmak maksady bilen, sepgit, synpdan-synpa geçiriş, jemleýji döwlet synaglary geçiriler. Munuň üçin «Döwlet umumybilim edaralarynda sepgit we jemleýji döwlet synaglaryny guramak, okuwçylary synpdan-synpa geçirmek hem-de orta mekdebi gutartmak hakynda» Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda, taýýarlyk işlerini alyp barmak zerurdyr.

Umumybilim berýän orta mekdeplerde synag alynýan synplaryň okuwçylaryny synaglara taýýarlamak, synag işlerini döwrebap guramak we talabalaýyk geçirmek meseleleri bütin okuw ýylynyň dowamynda mekdep ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň üns merkezinde bolup durýar.

Gündogdy ŞADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent.