Çeper edebiýatda Aşgabadyň waspy

23 Maý 2021
1050

Ýurdumyzyň ýüregi bolan eziz Aşgabadyň ajaýyplygy dogrusynda näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Oňa bolan söýgimiz, mähir-muhabbetimiz edil dessan ýaly ýazylgydyr. Gözel şäheri synlanyňda, kalbyňda ýakymly duýgular peýda bolýar. Aşgabat çogly Günüň kümüş şöhleleriniň astynda edil nurdan dörän deýin gözüňe görünýär. Bu gözelligi synlamagyň lezzeti hem özboluşly.

Paýtagtymyz Aşgabat şäheri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda öňküdenem gözel, owadan keşbe girdi. Täze desgalaryň gurluşygyna badalga berildi. Bu günki gün Aziýanyň merjeni hasaplanýan Aşgabat şäherini görmäge göz, taryp etmäge söz gerek. Aşgabat şäheri nuranalygyň, päk arzuw-umytlaryň nusgasy bolmak bilen, häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy berkidiji, ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar.

Enegül ŞALLYÝEWA,
Görogly etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň mugallymy.