Iň ökdeler saýlandy

21 Maý 2021
1118

Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň 6-7-nji synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi. «Döwletimiň nyşany — parla, ýaşyl baýdagym!» şygary astynda geçen bu bäsleşik Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi hem-de Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy.

Çekeleşikli geçen bäsleşik mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmakda, olary köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen has içgin tanyşdyrmakda, bu kadalara jogapkärçilikli çemeleşmeklerini gazanmakda uly ähmiýete eýe boldy. Oňa her biri 5 okuwçydan ybarat bolan 6 sany topar gatnaşdy. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, birinji tapgyrda okuwçylar Çagalar awtoşäherçesiniň kompýuter okuw otagynda ýol hereketiniň kadalary esasynda taýýarlanan elektron sowalnamalara dogry jogap bermek boýunça özara bäsleşdiler. Munuň üçin olara 15 minut wagt berildi. Okuwçylaryň taýýarlan jogaplary kompýuteriň üsti bilen eminler toparynyň garamagyna hödürlenildi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň, TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň wekillerinden hem-de Çagalar awtoşäherçesiniň mugallymlarydyr hünärmenlerinden ybarat bolan eminler topary tarapyndan jogaplar seljerilip, bu tapgyryň ýeňijileri kesgitlendi.

Dawut ASGAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».