"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Watanymyzyň energetika mümkinçilikleri rowaçlanýar

Şu ýylyň 23-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda iş sapary bilen boldy. Welaýatyň Ýolöten etrabyndaky «Galkynyş» käninde hormatly Prezidentimiz üç sany gaz guýusynyň gurluşygyna badalga berdi. «Galkynyş» gaz käni ägirt uly Türkmenistan — Hytaý energiýa geçirijisiniň serişde binýady bolup hyzmat edýär.

Elektrik energetikasy pudagynda belent sepgitler eýelenilýär

Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagy diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleri çözmek bilen baglanyşykly däl-de, eýsem, wajyp durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilip ösdürilýär. Ýurduň ilatynyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artmagy täze energetika kuwwatlyklaryny gurmagyň zerurlygyny döretdi. Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, daşky gurşawy goramak meselesine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Bu ulgamda ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalar, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekediniň taslamasyny mysal getirdi.

Möwsümde bökdençlik bolmaz

Ussat, janypkeş daýhanlarymyz ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan «ak altynyň» öndürilişini artdyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň bilelikde edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigine her ýylyň ýygym möwsüminde peýda bolýan köpsanly, belent-belent pagta harmanlaryny synlanyňda hem magat göz ýetirip bolýar. Ene topraga hyzmat edýän janypkeş adamlaryň köp zähmeti siňen gymmatly çig maly bökdençsiz kabul edip almak, abat ýagdaýda saklamak, arassalamak we gaýtadan işlemek hem-de olardan bazarlarda geçginli harytlyk önümleri öndürmek işleri ýokary derejede ýola goýulýar. Bu möhüm işe Halaç etrabyndaky Garabekewül tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhananyň işgärleri hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olar ýetip gelýän pagta ýygym möwsümini taýýarlykly garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ulanylmaga berlen, häzirkizaman enjamlary oturdylan kärhanada işler barha ilerleýär. Geçen sanlyja ýyllarda bu ýerde kärine kämil, çylşyrymly enjamlary ýokary öndürijilikli işletmäge ukyply hünärmenler ýetişdi. Olar ozal özleri üçin nätanyş bolan dürli hünärleri gysga wagtda başarjaňlyk bilen ele aldylar. Şeýle adamlaryň birleşen tagallalary arkaly ýylyň-ýylyna gowy önümçilik görkezijileri gazanylýar.

Innowasion tehnologiýalar — işleri ilerledýän güýç

Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda milli ykdysadyýetimizde, galyberse-de, ylym, bilim ulgamlarynda maglumat kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly saldamly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň talaplaryna laýyklykda milli ykdysadyýetimizde, ylym, bilim syýasatyny durmuşa geçirmek üçin guramaçylyk we hukuk binýadyny, maddy-enjamlaýyn, intellektual üpjünçilik boýunça ulgamlaýyn işleri durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz bu babatdaky işleri mundan beýlägem ilerletmek barada yzygiderli nygtaýar.

Türkmenistanyň energetika kuwwaty artýar

Türkmen halkynyň iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak ajaýyp sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy barha golaýlaşyp gelýär. Her bir baýramçylyga, şanly senä mynasyp sowgatly gelmek, olara gabatlap, täze gurlan desgalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýubileý ýylynyň dowamynda hem mähriban Diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap desgalaryň we binalaryň ençemesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Ine, geçen hepdäniň anna güni hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Maltanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiabenzini we awiakerosini satyn aldylar.

Ykdysadyýetiň ösüşinde paýdarlar jemgyýetleriniň orny

Milli ykdysadyýetimiziň özgermegi bilen, ýurdumyzda paýdarlar jemgyýetlerini döretmek we olary dolandyrmak boýunça işler Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda paýdarlar jemgyýetini döretmek hem-de onuň iş tertibi «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tarapyndan kadalaşdyrylýar. Türkmenistanda paýdarlar jemgyýetleri 1990-njy ýylda döredilip başlandy. Olar, esasan, döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine özgertmek arkaly amala aşyryldy. Paýdarlar jemgyýeti — esaslyk maýanyň (tertipnama gaznasynyň) bellibir paý sanyna bölünmegi esasynda döredilen kärhana. Ykdysady sözlükde paýdarlar jemgyýeti şahsy ýa-da hukuk taraplaryň paý goýumlary esaslandyryş gaznasyna birikdirilen we esaslandyryş gaznasynyň bellibir mukdardaky paýnamalara bölünip, paýdarlaryň paýdarlar jemgyýetlerine bolan hukugyny tassyklaýan kärhana aýdylýar. Paýdarlar jemgyýetiniň esasy maksady, dürli jemgyýetçilik sarp edişlikleri kanagatlandyrmak bilen, peýda gazanmakdyr.

«Owerdraft» — döwrebap sanly bank hyzmaty

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» tassyklandy. Döwlet maksatnamasynda we ony ýerine ýetirmek boýunça meýilnamada göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek we bu ugurda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça ýurdumyzyň bank edaralary hem yzygiderli işleri durmuşa geçirýärler.

Birža söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Owganystandan, Pakistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, BAE-den we Maltadan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen nah ýüplügi we dürli görnüşli matalary satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 996 müň dollaryndan gowrak boldy.

«Shopify» söwda ulgamy «TikTok» bilen hyzmatdaşlyga başlaýar

Shopify» platformasy meşhur sosial ulgamy — «TikTok» bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. Şertnamanyň çäginde «TikTok» ulanyjylary ulgam arkaly sargyt etmekçi bolýan müşderilere özleriniň onlaýn dükanlaryny görkezip bilerler. «EMarketer»-iň maglumatlaryna laýyklykda, «Shopify» platformasynyň sosial ulgamyň goşmaçalarynyň üsti bilen amala aşyryljak söwdalarynyň 2021-nji ýylyň soňky aýlarynda 34,8% ýokarlanyp, ABŞ-nyň 36 milliard dollary möçberinde bolmagyna garaşylýar. Ýeri gelende bellesek, «Shopify» platformasynyň «TikTok» bilen hyzmatdaşlygy onlaýn dükanyň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak hem-de ulanyjylary özüne çekmek üçin örän wajyp ädim bolar.

«Apple»-iň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 2,5 trillion dollaryndan geçdi

Geçen hepde «Apple» korporasiýasynyň paýnamalary 3,04% gymmatlap, ABŞ-nyň 153,12 dollaryndan satyldy. Söwdalaryň ahyrynda korporasiýanyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 2,531 trillion dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, «Apple» ABŞ-da 2,5 trillion dollarlyk derejäniň hötdesinden gelen ilkinji korporasiýa boldy. Maglumat üçin, maýa dolanyşygy babatda dünýäniň iň gymmat kompaniýasy Saud Arabystanynyň «Saudi Aramco» milli nebit kompaniýasydyr. Onuň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 7,01 trillion dollaryna deňdir. Şeýle-de «Microsoft» (ABŞ-nyň 2,281 trillion dollary), «Amazon» (ABŞ-nyň 1,733 trillion dollary), «Alphabet» (ABŞ-nyň 1,934 trillion dollary) we «Facebook» (ABŞ-nyň 1,073 trillion dollary) maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 1 trillion dollaryndan geçen kompaniýalaryň hataryna girýär.

Ykdysady strategiýa: durnukly ösüş we halkara dereje

Ozal habar berlişi эaly, 20-nji awgustda Tьrkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geзirdi. Mejlisiň dowamynda Tьrkmenistanyň ykdysady цsьşiniň durnuklylygyny tassyklaэan «B+ durnukly» halkara derejesiniň berlendigi barada aэdyldy. Dьnэд hojalyk gatnaşyklarynyň дhlumumy ulgamynda dowam edэдn зylşyrymly эagdaэlara garamazdan, halkara reэting agentligi Tьrkmenistana ilkinji gezek şeэle bahalandyrma berdi. Munuň цzi ykdysadyэetiň durnukly we эokary depginli цsьşiniň aэdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Tьrkmenistan ьзin berlen derejдniň dцwletimiziň halkara maliэe abraэyny эokarlandyrmaga, эurdumyza зekilэдn maэa goэumlaryň mukdaryny artdyrmaga we karzlaryň şertlerini эeňilleşdirmдge, netijede, Tьrkmenistanyň daşary ykdysady işiniň has-da цsmegine эardam berjekdigini bellдp, munuň эurdumyz ьзin цrдn uly abraэdygyny nygtady. Şonuň ьзin hem Tьrkmenistana dцwьrleэin esasda derejeleri almak we ony has-da эokarlandyrmak boэunзa halkara agentlikleri bilen zerur işleri mundan beэlдk-de yzygiderli alyp barmak babatda degişli wise-premэere anyk tabşyryklar berildi. Biz «Fitch Ratings» halkara agentliginiň Tьrkmenistan ьзin kesgitlenen derejeleri, bu ugurda alnyp barlan işler, şeэle-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyэetde эetilen sepgitler, durmu

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG we onuň esasy düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri girizildi. Milli meýilnamalary we maksatnamalary, şol sanda bilelikdäki iş meýilnamalary durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyz tarapyndan şu ýylyň 17-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde abraýly institutlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda amala aşyrylmaly işleriň esasy ugurlaryna garaldy. Onuň barşynda öňde durýan wezipeleri, şol sanda Pudagara toparyň hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Wekilhanasy we onuň düzümleýin bölümleri bilen hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi. Şeýle hem mejlisde beýleki meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. * * *

Dok­ma pu­da­gy­nyň ro­waç­ly ösüş­le­ri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Milli ykdysadyýetimiziň kämil derejede ösdürilýän döwründe uly ösüşlere eýe bolýan pudaklaryň biri hem dokma senagaty pudagydyr. Ýur­du­myz­da dok­ma pu­da­gy be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýar. Paý­tag­ty­myz­da, we­la­ýat­la­ry­myz­da, et­rap­la­ry­myz­da we oba­la­ry­myz­da döw­re­bap tä­ze dok­ma top­lum­la­ry­nyň, önüm ön­dür­ýän dür­li kär­ha­na­la­ryň gu­rul­ma­gy hem-de ola­ryň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edil­me­gi ne­ti­je­sin­de ýo­ka­ry hil­li dok­ma önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär.

Bank ul­ga­my­nyň döw­re­bap hyz­mat­la­ry

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ry­lyp, san­ly ul­ga­myň giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly peý­da­lan­ma­ga ta­rap ynam­ly ösü­şi­ni do­wam et­dir­ýär we bir­nä­çe döw­let mak­sat­na­ma­la­ry ka­bul edi­lip, ola­ryň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy bar­ha ber­ki­dil­ýär. Mu­ňa my­sal edip, «Türk­me­nis­ta­nyň bank ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2011-2030-njy ýyl­lar üçin Döw­let Mak­sat­na­ma­syny», Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň «Ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syny» we «Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» gör­kez­mek bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ugur­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak, hyz­mat­la­ry döw­re­bap ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ýo­la goý­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň güýç­li dep­gin­de ös­me­gin­de bank ul­ga­my­nyň or­ny aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Bank ul­ga­my mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, bu ul­ga­myň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy işe­wür­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, bank hy

Ýene-de bir kuwwatly desga

Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda gurulýan kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň düýbi 2018-nji ýylyň noýabr aýynda tutuldy. Tiz wagtda işe girizilmegine garaşylýan desga welaýatymyzyň çäginde ozal ulanylmaga berlenleriniň arasynda has kuwwatlysy bolar. Ol Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», şeýle hem Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar. Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megawat bolan üç sany gazturbina gurnamalary işlär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda energetika pudagy aýratyn çalt ösýän pudaklaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, kuwwatly bitewi energetika ulgamyny döretmek milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň berk esasyny düzýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasyna» laýyklykda elektrik energiýasyny öndürmekde döwlet ähmiýetli işler giň gerimde alnyp barylýar. Energetika pudagynda innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygy aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Munuň özi energetika serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda ykdysady mümkinçilikleriň çägini has giňeldýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bi

Melhemlik ýoduň möçberi artýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynyň hünärmenleri şu ýyl has gaýratly zähmet çekýärler. Kämil enjamlar bilen üpjün edilen kärhana birleşigiň öňdebaryjylarynyň hatarynda bellidir. Muny bu ýerde iş meýilnamalarynyň artygy bilen berjaý edilýändigi-de doly tassyklaýar. Aslynda, bu häzirki zaman kärhanasynyň Bereket şäherinde gurulmagy, ilkinji nobatda, günbatar sebitiň çäklerindäki ýerasty ýataklardaky suwlarda gymmatly çig mal bolan ýoduň uly gorlarynyň jemlenendigi bilen baglydyr. Esasy gerek bolan polipropilen welaýatyň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taýýarlanylýar. Ikinji bir zerur serişde — pagta bolsa eziz Diýarymyzyň esasy baýlyklarynyň biridir. Ýod önümçiligini göwnejaý ýola goýmakda zerur bolan çig malyň ählisiniň diýen ýaly ýurdumyzda öndürilmegi kärhanada işleri döwrebap we düşewüntli ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenip gurlan bu kärhanada häzire çenli millionlarça manatlyga barabar önüm öndürildi. Şu döwürde taýýar önümleri sarp edijilere ýetirmekde hem guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bereket Ýod önümçiligi kärhanasynda dünýä hil ülňülerine laýyklyk

Arkadag, saýaňda iller bagtyýar

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkara abraýynyň ýokarlanmagy hem-de merdana halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň şa gadamynyň düşen ýeri berekediň, rysgalyň, bolçulygyň çeşmesine öwrülýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň ýakynda, 23-nji awgustda Mary welaýatyna amala aşyran döwletli iş saparynyň barşynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Gahryman Arkadagymyzyň her gezekki iş sapary täze ajaýyp üstünlikleriň başyny başlaýar. Bu bolsa türkmen halkynyň bagtyýar geljegine bolan ynamyny, milli Liderine, Watanyna bolan söýgüsini hem buýsanjyny artdyrýar.

Abadançylygyň gözbaşy

Daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge hyzmat edýär. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň hasabyna ilatyň elektrik energiýasyna bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagy wajyp ähmiýete eýedir. Alternatiw energetikanyň mümkinçiliklerini doly peýdalanyp, elektrik energiýasynyň öndürilmegi daşky gurşawa zyňylýan zyýanly gazlaryň mukdarynyň azalmagyna alyp barýar. Şonuň bilen birlikde, döwletimiziň elektrik energetika ulgamyny durnukly ösdürmegi üpjün etmek, munuň üçin ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň we çäkleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek zerurdyr. Şeýle-de, energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak wajypdyr. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýu

Türkmenistanyň gaz pudagy millionlarça öýlere ýylylyk paýlaýar

Nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan ýurdumyzyň gündogar sebitinde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi başlanýar. Bu energiýa geçirijisi XXI asyryň ägirt uly inžener-tehniki desgalarynyň biridir. Halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde bu taslama hoşmeýilli erk-islegiň, netijeli hem-de oňyn döwletara hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Gaz geçirijisine tebigy gazyň eksport akymlary çig mal çeşmeleriniň birnäçesinden amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýän «Malaý» gaz ýatagy hem bar. «Malaý» ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary «mawy ýangyç» bilen üpjün etmän, eýsem, asyryň iri taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu iri halkara energiýa magistraly bilen «Malaý» känini uzynlygy 188 kilometr bolan «Malaý — Bagtyýarlyk» gaz geçirijisi birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen amala aşyrylan bu iri taslama «Malaý» gaz käniniň ikinji tapgyryna täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi gaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.