Ykdysadyýetiň ösüşinde paýdarlar jemgyýetleriniň orny

5 Sentýabr 2021
936

Milli ykdysadyýetimiziň özgermegi bilen, ýurdumyzda paýdarlar jemgyýetlerini döretmek we olary dolandyrmak boýunça işler Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda paýdarlar jemgyýetini döretmek hem-de onuň iş tertibi «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tarapyndan kadalaşdyrylýar. Türkmenistanda paýdarlar jemgyýetleri 1990-njy ýylda döredilip başlandy. Olar, esasan, döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine özgertmek arkaly amala aşyryldy.

Paýdarlar jemgyýeti — esaslyk maýanyň (tertipnama gaznasynyň) bellibir paý sanyna bölünmegi esasynda döredilen kärhana. Ykdysady sözlükde paýdarlar jemgyýeti şahsy ýa-da hukuk taraplaryň paý goýumlary esaslandyryş gaznasyna birikdirilen we esaslandyryş gaznasynyň bellibir mukdardaky paýnamalara bölünip, paýdarlaryň paýdarlar jemgyýetlerine bolan hukugyny tassyklaýan kärhana aýdylýar. Paýdarlar jemgyýetiniň esasy maksady, dürli jemgyýetçilik sarp edişlikleri kanagatlandyrmak bilen, peýda gazanmakdyr.

Jahan SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.