Türkmenistanyň gaz pudagy millionlarça öýlere ýylylyk paýlaýar

30 Awgust 2021
967

Nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan ýurdumyzyň gündogar sebitinde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi başlanýar. Bu energiýa geçirijisi XXI asyryň ägirt uly inžener-tehniki desgalarynyň biridir. Halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde bu taslama hoşmeýilli erk-islegiň, netijeli hem-de oňyn döwletara hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Gaz geçirijisine tebigy gazyň eksport akymlary çig mal çeşmeleriniň birnäçesinden amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýän «Malaý» gaz ýatagy hem bar.

«Malaý» ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary «mawy ýangyç» bilen üpjün etmän, eýsem, asyryň iri taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu iri halkara energiýa magistraly bilen «Malaý» känini uzynlygy 188 kilometr bolan «Malaý — Bagtyýarlyk» gaz geçirijisi birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen amala aşyrylan bu iri taslama «Malaý» gaz käniniň ikinji tapgyryna täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi gaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Orazsähet BAÝRAMOW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri.