«Owerdraft» — döwrebap sanly bank hyzmaty

5 Sentýabr 2021
1024

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly

Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» tassyklandy. Döwlet maksatnamasynda we ony ýerine ýetirmek boýunça meýilnamada göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek we bu ugurda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça ýurdumyzyň bank edaralary hem yzygiderli işleri durmuşa geçirýärler.

Güljan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.