«Apple»-iň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 2,5 trillion dollaryndan geçdi

5 Sentýabr 2021
894

Geçen hepde «Apple» korporasiýasynyň paýnamalary 3,04% gymmatlap, ABŞ-nyň 153,12 dollaryndan satyldy. Söwdalaryň ahyrynda korporasiýanyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 2,531 trillion dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, «Apple» ABŞ-da 2,5 trillion dollarlyk derejäniň hötdesinden gelen ilkinji korporasiýa boldy.

Maglumat üçin, maýa dolanyşygy babatda dünýäniň iň gymmat kompaniýasy Saud Arabystanynyň «Saudi Aramco» milli nebit kompaniýasydyr. Onuň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 7,01 trillion dollaryna deňdir. Şeýle-de «Microsoft» (ABŞ-nyň 2,281 trillion dollary), «Amazon» (ABŞ-nyň 1,733 trillion dollary), «Alphabet» (ABŞ-nyň 1,934 trillion dollary) we «Facebook» (ABŞ-nyň 1,073 trillion dollary) maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 1 trillion dollaryndan geçen kompaniýalaryň hataryna girýär.