Elektrik energetikasy pudagynda belent sepgitler eýelenilýär

6 Sentýabr 2021
1034

Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagy diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleri çözmek bilen baglanyşykly däl-de, eýsem, wajyp durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilip ösdürilýär.

Ýurduň ilatynyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň artmagy täze energetika kuwwatlyklaryny gurmagyň zerurlygyny döretdi. Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, daşky gurşawy goramak meselesine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Bu ulgamda ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalar, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekediniň taslamasyny mysal getirdi.

Ogulkeýik ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň laboranty.