Dok­ma pu­da­gy­nyň ro­waç­ly ösüş­le­ri

2 Sentýabr 2021
1092

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Milli ykdysadyýetimiziň kämil derejede ösdürilýän döwründe uly ösüşlere eýe bolýan pudaklaryň biri hem dokma senagaty pudagydyr.

Ýur­du­myz­da dok­ma pu­da­gy be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýar. Paý­tag­ty­myz­da, we­la­ýat­la­ry­myz­da, et­rap­la­ry­myz­da we oba­la­ry­myz­da döw­re­bap tä­ze dok­ma top­lum­la­ry­nyň, önüm ön­dür­ýän dür­li kär­ha­na­la­ryň gu­rul­ma­gy hem-de ola­ryň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edil­me­gi ne­ti­je­sin­de ýo­ka­ry hil­li dok­ma önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär.