"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Halklaryň dostlugy — abadançylyk ýalkymy

Türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik — Bitaraplyk. Türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly geljege gönezlik boljak her bir günleň öýdümine deňelýän gymmatlyk. Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti hem bitaraplyk ýörelgelerimiziň dünýä içre dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi. Nobatdaky sammitden belli bolşy ýaly, Bitarap döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginde öz görnükli ornuny tapdy, ýurdumyz tarapyndan teklip edilen başlangyçlar halkara derejede giň goldawa eýe bolup, durmuşa ornaşdy. Elbetde, döwlet hökmünde dünýäde öz ornuňy tapmak, özüňi ykrar etdirmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Bu ýagdaý Garaşsyzlygyny gazanan islendik ýaş döwletiň öňünde keserýän ilkinji mesele. Dünýädäki set müň halkyň, milletiň ählisine, asla, garaşsyz döwletli bolmak bagty-da miýesser etmändir. Onsoň Garaşsyzlyk diýen her kese ýetdirmeýän bagty gazananyňdan soň, ony näderejede apalamalydygy, goramalydygy öz-özünden düşnüklidir. Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk. Bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsi.

Bitaraplyk — baky abadançylyk

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy türkmen diplomatiýasynyň gazanan ajaýyp üstünligidir. Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli Bitaraplyga daýanýan ynsanperwerlik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barmagy bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterilýär. Bitaraplyk munuň özi parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, hoşniýetli gatnaşyklaryň özenidir. Parahatçylygy döwletimiziň esasy ýörelgesine öwren hormatly Prezidentimiz asudalygyň, dost-doganlygyň döwleti ösdürmekde esasy şert bolup durýandygyny ajaýyp kitaplarynda giňişleýin belläp geçýär. Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda «Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr», «Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi boldy», «Türkmen Bitaraplygy Ýer ýüzündäki ýurtlaryň her bir ýaşaýjysyna parahatçylyk we bagt getirýär» diýip, bellemegi hem bu aýdylanlaryň üstüni ýetirýär.

Parahatçylygyň mizemez daýanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işleriniň ilkinji we baş şerti täze taryhy eýýamyň asylly maksatlaryndan ruhlanýan halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde sebitde we dünýäde parahatçylygy ýaýbaňlandyrmak, halklaryň, ýurtlaryň dostana gatnaşyklaryny berkitmek ýaly başlangyçlary aýratyn bellemek bolar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýä ýaýmaga, döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ählumumy howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Durnukly ösüşi üpjün etmek, ekologiýa abadançylygyny döretmek, parahatçylygy has-da pugtalandyrmak ýaly ugurlar ýurdumyzyň amala aşyrýan işleriniň esasyny düzýär. Şonuň bilen birlikde, şol başlangyçlaryň döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, dünýäde özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendigi halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz «Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahat

Baky bagtyň şuglasy

Eziz Diýarymyzda mähriban halkymyz bagtyýarlykda, asudalykda, bolelin durmuşda ýaşaýar, gurýar, döredýär, zähmet çekýär. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak bagty türkmen halkynyň buýsanjyny belende göterýär. Ine, ýene sanlyja günden mähriban halkymyz baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny giňden toýlar. Oňa häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyz agzybirlikde, jebislikde, ýokary derejede taýýarlyk görýär. Eziz Watanymyza bolan söýgini, onuň ägirt uly gazananlaryna bolan buýsanjy alamatlandyrýan bu şanly baýram ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň wysalydyr. Bu baýram şöhratly pederlerimiziň paýhasly durmuş ýörelgelerini, özboluşly milli däp-dessurlaryny, beýik ynsanperwer häsiýetlerini bize peşgeş eden gymmatlykdyr.

Parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrýan taglymat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilip geçilen eziz Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýgelmeginde, Ýer ýüzünde belent ykrarnama eýe bolmagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň örän uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, «Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur». Hawa, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege özara hormat goýmak arkaly pugtalandyrylýan hyzmatdaşlyk türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynda elmydama esasy orunda goýan ýörelgeleridir. Şol esasdan, halkymyzyň özbaşdak döwletli bolandan soň, oňyn bitaraplyk ýoluny saýlap almagyny parasatly ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesiniň dowamat--dowam bolmagy diýip, buýsanç bilen aýtmak bolar. Şol esasdan, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň ykbalynda şöhratly sene hökmünde taryhyň gatlaryna ebedilik ýazyldy. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraply

Bitaraplyk aýdymy

Ata Watan — göz guwanjym, dünýä meşhurdyr adyň,Öňe sary ümzügiň, egsilmez bedew badyň,Köpler oňlar ýörelgäňi, berkdendir binýadyň,Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym! Arkadagyň paýhasyndan artýar şöhraty-şany,Ynsanperwer başlangyçlaň köpdür hasaby, sany,Adyl, aýdyň ýörelgeler kalpda goýmaz armany,Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň ösüşlere, özgerişlere gönükdirilen parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy gün-günden belende galýar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat bolsa häzirki wagtda parahatçylyk we ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezindäki şähere öwrüldi. Ýene-de sanlyja günlerden mähriban halkymyz eziz Watanymyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 26 ýyllygyny ýokary derejede baýram eder. Ýurdumyzyň daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we abadançylyk ýörelgelerine daýanýar we BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Durnukly ösüşiň we dünýä jemgyýetçiliginiň asuda durmuşyna gönükdirilen möhüm teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär.

Bitaraplyk — bagtymyzyň gözbaşy

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy barha beýgelýär. Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň, halkyň bähbidi üçin amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň, dünýä döwletleri bilen uzak möhletli gatnaşyklara, hyzmatdaşlyga gönükdirilen taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz daşary syýasatda belent derejelere ýetdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halky üçin ýatdan çykmajak şanly waka bolup geçdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýa esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň makullamagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde alyp barýan syýasatynyň deňhukukly hoşniýetli parahatçylyk söýüjilige gönükdirilen ugruny kesgitledi. Hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap alan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Konstitusion kanunynda, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde daşary syýasy Konsepsiýasynda we beýleki kanu

Parahatçylyk — ösüşlere aýdyň ýol

Yk­rar edil­mek, on­da-da dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edil­mek — bu örän uly bagt! Türk­me­nis­tan — şeý­le uly bag­tyň eýe­si! Ge­çen asy­ryň ahyr­ky on­ýyl­ly­gy­nyň or­ta­syn­da, has ta­ky­gy 1995-nji ýyl­da ga­za­nan hemişelik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy Türk­me­nis­tan üçin şol uly bag­tyň buş­luk­çy­sy bol­dy. Özem wagt bi­len çäk­len­di­ril­me­dik, he­mi­şe­lik bagt! Bi­ta­rap­ly­ga bi­ziň hal­ky­my­zyň mil­li men­ta­li­te­tin­de — ýa­sa­wyn­da, asyl zan­dyn­da, ga­nyn­da bar bo­lan hoş­ni­ýet­li­lik, yn­san­per­wer­lik hä­si­ýet­le­ri­niň esa­syn­da dö­rän gud­rat di­ýip bo­lar. Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­de iň howp­suz ýurt hök­mün­de yg­lan edil­me­gi he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­myz bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bi­ta­rap­lyk äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de howp­suz­ly­gyň do­ly üp­jün edil­me­gi­niň, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lygyň we dur­nuk­ly ösü­şiň esa­sy şer­ti­dir. Yn­san­per­wer­lik gym­mat­lyk­la­ry­na esas­lan­ýan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz ag­zy­bir­li­giň, asu­da­ly­gyň we giň dün­ýä­ga­raý­şyň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lup, türk­men hal­ky­nyň asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si­dir. Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hal­ky­my­zyň mil­li däp­le­ri­niň göz­ba­şy­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bo­lan ata Wa­ta­ny­myz umumadamzat bähbitli, a

Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty da­ba­ra­lan­ýar

Diýarymyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap dünýäniň ähli döwletleri hem-de şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde peýdaly we oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrundaky tagallalary edýär. Milli Liderimiziň: «Biz hemişe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzy pugta, yzygiderli dowam ederis. Adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgelerini dowam etdirmek hem-de dabaralandyrmak parahatçylyga, özara düşünişmäge hem-de dostluga belent sarpa goýýan milletimiziň ebedi ýörelgesidir» diýen çuň many-mazmunly, parasatly sözleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär. Ýurdumyz häzirki wagtda daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň iň iri hem-de abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BM

Eziz Diýarymyzda beýik işler rowaçlanýar

Türkmenistanyň baky Bitaraplygy howpsuzlygyň üpjün edilmeginde, durnuklylygy saklamakda we ählumumy ösüşde möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň açyklygy, ygtybarly hyzmatdaşlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ykrar edilmeginiň esasynda durýar. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda “Bitarap Türkmenistan üçin parahatçylygyň we howpsuzlygyň esasynda durnuklylygy, ynanyşmagy hem-de halkara gatnaşyklarda aýanlygy üpjün etmek daşary syýasatyň iň ýokary ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýip belledi.

Bagtyýarlygyň belent nusgasy

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hal­ky­my­zyň tu­tan­ýer­li zäh­met çek­me­gi, gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­la­ryň yh­las­ly oka­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Hut şu­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty pug­ta­lan­ýar, hal­kyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si has-da ýo­kar­lan­ýar. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň at-ab­ra­ýy­nyň we şan-şöh­ra­ty­nyň gün-gün­den art­ma­gy mil­le­tiň gu­wan­jy­na, buý­san­jy­na öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-ru­hy ul­gam­la­ryn­da be­lent üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy hal­ky­my­zy ýur­duň in­no­wa­sion ösü­şin­de tä­ze, has ýo­ka­ry sep­git­le­re ýet­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy üp­jün edil­ýär. Şun­da ýa­şa­ýyş-dur­muş bäh­bit­li jaý­la­ryň, za­wod­la­ryň, dok­ma top­lum­la­ryň gu­rul­ma­gy aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. Bu­la­ryň hem­me­si hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny, je­bis­li­gi­ni, ag­zy­bir­li­gi­ni has-da ber­kid­ýär.

Bitaraplyk — asudalygyň we parahatçylygyň ýoly

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär, şeýle-de sebitiň ýurtlary we dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde mynasyp orun eýeleýär. Türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleri, ynsanperwer gymmatlyklary, demokratik kadalary Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän döwlet syýasatynda aýdyň beýan edilýär. Parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş esasy ugurlar bolup, dostlukly ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklar ýola goýulýar.

Dünýä içre mertebe

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda türkmen halkynyň hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäde abraý-mertebesi has-da belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyga esaslanyp, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, hoşniýetli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen tassyklanylýar. Bu abraýly halkara gurama tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Watanymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň rowaçlanmagynda ähmiýetli orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ynsanperwer esaslary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçen ýyllaryň içinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty Merkezi Aziýa sebitinde dartgynlylygyň gowşamagyna, howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine, gapma-garşylyklaryň birnäçesiniň öňüniň alynmagyna ýardam etdi. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde Bitarap döwletiň gazanan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda giň goldawa eýe boldy. Bu ugurda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bellärliklidir. Şonuň bilen bagly Aşgabatda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň açylmagy ýurdumyza bildirilýän gyzyklanmanyň hem-de ynamyň aýdyň subutnamasydyr. Hemişelik Bitaraplyk düşünjesine syýasy, hukuk hem-de ynsanperwer jähetlerde seretmek mümkin. Bitaraplyk barada garaýyşlar beýan edilende, döwlete diňe bir Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan subýekt hökmünde baha bermäge daýanman, eýsem, halkara gatnaşyklaryň esasynda duran ynsanperwerlik ýörelgesi, adamzadyň ösüşi bilen berk baglanyşygyndan ugur alynmalydyr. Çünki umumadamzat ýaşaýşynyň galagoply meselelerinde paýhaslylygy talap edýän bitaraplyk derejesi adamzat kämilliginiň syýasy sütüni hasaplanýan ynsanperwerlik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgesi onuň parahatçylykly tebigatyndan gel

Dost-doganlyga çagyrýan ýol

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimizi egsilmez buýsanja, guwanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden, parasatly ata-babalarymyzdan gelýän dost-doganlyk, ynsanperwerlik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagydyr, Ýer ýüzünde ykrar edilmegidir. Bitaraplyk şu günümiziň  hem-de geljegimiziň rahatlygydyr, bagtyýarlygydyr. Hemişelik Bitaraplygymyz bize halkara ähmiýetli nusgalyk işlerimiz, umumadamzat bähbitli başlangyçlarymyz bilen dünýä çykmaga, milli däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi halkara jemgyýetçilige ýaýmaga, şeýdibem, Ýer ýüzünde döwletimiziň, halkymyzyň at-abraýyny has-da artdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Bitaraplyk — şan-şöhraty Diýaryň

Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimiz üçin uly mertebedir, Bitarap Diýara söýgiňi has-da artdyryp, göwnüňi ganatlandyrýan belent derejedir. Bitaraplyk parahatçylykdyr, abadançylykdyr we agzybirlikdir, dünýä halklary bilen sylaşyklylykdyr, birek-birege ynanyşmakdyr. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyşynda hem parahatçylyk döredijiligiň we oňyn ylalaşykly çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly hökmünde Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamasynyň düzgünlerini ornaşdyrmak üçin netijeli çäreleri görmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýratyn nygtap aýtdy. ªeýlelikde, Bitaraplyk taglymatymyz barha çuň many-mazmuna eýe bolýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

DÖWLETIŇ SARSMAZ SÜTÜNI Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere, guwançly wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär.

Baky berkararlygyň bagty

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň nusgalyk ýoluny saýlap alan Bitarap Türkmenistan parahatçylygy, döredijiligi we gülläp ösüşi nazarlap, ynamly öňe barýar. Gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady, syýasy, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň öňdebaryjy döwletlerine mahsus bolan derejä çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary dur. Sanlyja ýylyň içinde ata Watanymyzda amala aşyrylan beýik işler Türkmenistanyň abadan we eşretli geljege barýan ýeňişli ýolunyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk derejeleriniň ygtybarly esaslaryna daýanýandygyny görkezdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň-da her güni baý mazmunly taryhy wakalara utgaşýar. Üstümizdäki ýylda halkymyzyň uly joşgun we buýsanç bilen garaşýan seneleriniň ýene-de biri milli baýramymyz — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly ýigrimi alty ýyllygydyr. Halkymyz bu baýramçylygy hem ýokary ykdysady ösüşler, medeni-ruhy galkynyşlar bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini dünýä jemgyýetçiliginde ykrar etdirmegi belent mertebeden nyşandyr. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bu guramanyň Baş Assambleýasy

Asmany arassa, bagtyýar mekan

Toýlary toýlara ulaşýan ata Watanymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly senesini dabaraly bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. Gadymy türkmen topragynda baky bagtyýarlygyň, müdimi parahatçylygyň berkarar bolmagyny, ýurdumyzyň gülläp ösüşlere beslenmegini gazanmak hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatlarynyň düýp özenini düzýär. Ýöne bular-da hemmesi däldir. Milli Liderimiz Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dünýäde ösüş, özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygy, ynanyşmagy berkidýär, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen dostana gatnaşyklary giňeldýär. Bu babatda halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň düzümleri bilen gatnaşyklar barha ýygjam häsiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleri tutuş adamzadyň abadançylygyna, ýurtlaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Şol sebäpli hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary, alyp barýan çuňňur oýlanyşykly syýasatlary jahana ýaň salýar. Möhüm senäniň öň ýanynda geçirýän çärelerimizde olar barada çäksiz guwanç hem-de uly buýsanç bilen durlup geçilýär. Beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guraýan çärelerimizde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygy bilen ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň biziň etrabymyzy hem giňden gurşap alandygy aýratyn nygtalýar. Gurlup, ulanylmaga berilýän