Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimizi egsilmez buýsanja, guwanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden, parasatly ata-babalarymyzdan gelýän dost-doganlyk, ynsanperwerlik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagydyr, Ýer ýüzünde ykrar edilmegidir. Bitaraplyk şu günümiziň hem-de geljegimiziň rahatlygydyr, bagtyýarlygydyr.
Hemişelik Bitaraplygymyz bize halkara ähmiýetli nusgalyk işlerimiz, umumadamzat bähbitli başlangyçlarymyz bilen dünýä çykmaga, milli däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi halkara jemgyýetçilige ýaýmaga, şeýdibem, Ýer ýüzünde döwletimiziň, halkymyzyň at-abraýyny has-da artdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.