Dünýä içre mertebe

25 Noýabr 2021
1198

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda türkmen halkynyň hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäde abraý-mertebesi has-da belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyga esaslanyp, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, hoşniýetli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýäde uly goldawa eýe bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen tassyklanylýar. Bu abraýly halkara gurama tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Watanymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň rowaçlanmagynda ähmiýetli orny eýeleýär.

Aknabat DÖWLETOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.