Asmany arassa, bagtyýar mekan

24 Noýabr 2021
1142

Toýlary toýlara ulaşýan ata Watanymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly senesini dabaraly bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. Gadymy türkmen topragynda baky bagtyýarlygyň, müdimi parahatçylygyň berkarar bolmagyny, ýurdumyzyň gülläp ösüşlere beslenmegini gazanmak hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatlarynyň düýp özenini düzýär. Ýöne bular-da hemmesi däldir. Milli Liderimiz Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dünýäde ösüş, özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly parahatçylygy, ynanyşmagy berkidýär, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen dostana gatnaşyklary giňeldýär. Bu babatda halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň düzümleri bilen gatnaşyklar barha ýygjam häsiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleri tutuş adamzadyň abadançylygyna, ýurtlaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Şol sebäpli hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary, alyp barýan çuňňur oýlanyşykly syýasatlary jahana ýaň salýar.

Möhüm senäniň öň ýanynda geçirýän çärelerimizde olar barada çäksiz guwanç hem-de uly buýsanç bilen durlup geçilýär. Beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guraýan çärelerimizde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygy bilen ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň biziň etrabymyzy hem giňden gurşap alandygy aýratyn nygtalýar. Gurlup, ulanylmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalar, bilim ojaklary we sport desgalary, kaşaň ýaşaýyş jaýlary ilatyň bagtyýar ýaşaýşynyň esasyny düzýär. Goňşy ýurtlar, alys ülkeler bilen ýola goýulýan söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar bolsa halklary biri-birine ýakynlaşdyryp, göwünleri birleşdirýär. Asyryň gurluşygy adyny alan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň hut biziň etrabymyzyň çäginden gözbaş alýandygy buýsanjymyzy artdyrýar. Mele suwly Jeýhunyň üstünden gurlan häzirkizaman köprüleri hem ösüşlere we eşretli ýaşaýşa hyzmat edýär.

Wepa RAHMEDOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Farap etrap birleşmesiniň başlygy.