Parahatçylygyň aýdyň ýoly

26 Noýabr 2021
992

Gahryman Arkadagymyzyň ösüşlere, özgerişlere gönükdirilen parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy gün-günden belende galýar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat bolsa häzirki wagtda parahatçylyk we ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezindäki şähere öwrüldi.

Ýene-de sanlyja günlerden mähriban halkymyz eziz Watanymyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 26 ýyllygyny ýokary derejede baýram eder. Ýurdumyzyň daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we abadançylyk ýörelgelerine daýanýar we BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Durnukly ösüşiň we dünýä jemgyýetçiliginiň asuda durmuşyna gönükdirilen möhüm teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär.

Maýagözel ANNAORAZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.