Halklaryň dostlugy — abadançylyk ýalkymy

29 Noýabr 2021
1132

Türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik — Bitaraplyk. Türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly geljege gönezlik boljak her bir günleň öýdümine deňelýän gymmatlyk. Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti hem bitaraplyk ýörelgelerimiziň dünýä içre dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi.

Nobatdaky sammitden belli bolşy ýaly, Bitarap döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginde öz görnükli ornuny tapdy, ýurdumyz tarapyndan teklip edilen başlangyçlar halkara derejede giň goldawa eýe bolup, durmuşa ornaşdy. Elbetde, döwlet hökmünde dünýäde öz ornuňy tapmak, özüňi ykrar etdirmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Bu ýagdaý Garaşsyzlygyny gazanan islendik ýaş döwletiň öňünde keserýän ilkinji mesele. Dünýädäki set müň halkyň, milletiň ählisine, asla, garaşsyz döwletli bolmak bagty-da miýesser etmändir. Onsoň Garaşsyzlyk diýen her kese ýetdirmeýän bagty gazananyňdan soň, ony näderejede apalamalydygy, goramalydygy öz-özünden düşnüklidir. Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk. Bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsi.

Altyn ARAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.