Baky berkararlygyň bagty

24 Noýabr 2021
1059

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň nusgalyk ýoluny saýlap alan Bitarap Türkmenistan parahatçylygy, döredijiligi we gülläp ösüşi nazarlap, ynamly öňe barýar. Gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady, syýasy, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň öňdebaryjy döwletlerine mahsus bolan derejä çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary dur. Sanlyja ýylyň içinde ata Watanymyzda amala aşyrylan beýik işler Türkmenistanyň abadan we eşretli geljege barýan ýeňişli ýolunyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk derejeleriniň ygtybarly esaslaryna daýanýandygyny görkezdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň-da her güni baý mazmunly taryhy wakalara utgaşýar. Üstümizdäki ýylda halkymyzyň uly joşgun we buýsanç bilen garaşýan seneleriniň ýene-de biri milli baýramymyz — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly ýigrimi alty ýyllygydyr. Halkymyz bu baýramçylygy hem ýokary ykdysady ösüşler, medeni-ruhy galkynyşlar bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini dünýä jemgyýetçiliginde ykrar etdirmegi belent mertebeden nyşandyr. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýanyň ikinji gezek kabul edilmegi, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmegi ata Watanymyzyň Bitaraplyk ýörelgesiniň dünýä jemgyýetçiligindäki ähmiýetine ýene-de bir gezek şaýatlyk etdi.

Ýazmyrat BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň welaýat boýunça iş ýöredijisi.