Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ynsanperwer esaslary

25 Noýabr 2021
1178

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçen ýyllaryň içinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty Merkezi Aziýa sebitinde dartgynlylygyň gowşamagyna, howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine, gapma-garşylyklaryň birnäçesiniň öňüniň alynmagyna ýardam etdi. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde Bitarap döwletiň gazanan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda giň goldawa eýe boldy. Bu ugurda Aşgabatda
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bellärliklidir. Şonuň bilen bagly Aşgabatda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň açylmagy ýurdumyza bildirilýän gyzyklanmanyň hem-de ynamyň aýdyň subutnamasydyr. Hemişelik Bitaraplyk düşünjesine syýasy, hukuk hem-de ynsanperwer jähetlerde seretmek mümkin.

Bitaraplyk barada garaýyşlar beýan edilende, döwlete diňe bir Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan subýekt hökmünde baha bermäge daýanman, eýsem, halkara gatnaşyklaryň esasynda duran ynsanperwerlik ýörelgesi, adamzadyň ösüşi bilen berk baglanyşygyndan ugur alynmalydyr. Çünki umumadamzat ýaşaýşynyň galagoply meselelerinde paýhaslylygy talap edýän bitaraplyk derejesi adamzat kämilliginiň syýasy sütüni hasaplanýan ynsanperwerlik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgesi onuň parahatçylykly tebigatyndan gelip çykýar we adamyň ýaşamaga bolan mizemez we eldegrilmesiz hukugynyň goragçysy, howandary hem kepili bolup çykyş edýär. Munuň özi Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän döwletiň işeňňir syýasatyndan, parahatçylyk söýüji gadymy däbinden, halkyň adyl häsiýetli ahlagyndan habar berýär.

Meňli DIWANOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.