Baýramlaryň seresi
Şu gün halkymyzyň, ýurdumyzyň, mahlasy, tutuş dünýäniň senenamasynda Täze ýylyň ilkinji güni – 1-nji ýanwar. Ýer togalagynyň ilatynyň aglabasy Täze ýylyň ilkinji başlangyjynyň hut şu seneden gaýdýandygy üçin ony ak arzuwlara, şowhun-dabaralara besleýär. Çünki Täze ýylda edilen arzuwlaryň durmuşda amal boljakdygyna biziň köpümiz tüýs ýürekden ynanýarys. Gunduz kimin ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde bezelen baş arçanyň Aýazbabanyň keramatly hasasynyň güýji bilen yşyklandyrylan güni ol ýerdäki çagalaryň şatlygyny görüp, göwünlerinde göterip ýören arzuwlaryny eşidip, birsalym çagalygyň gujagyna dolup, Aýazbaba hat ýazan günlerim göz öňümde janlandy. Çagalaryň şatlyk-şowhunyna garyşyp, ýaşymam, kärimem, hatda özümem ýatdan çykaryp, göwnüm bilen bilelikde ýagşy arzuw-niýetleriň elinden tutup, ejemiň-kakamyň körpeje gyzy bolup, aýagymy ýerden üzüp, arşa göterilipdirin. Ýaňlanýan aýdym-sazlar, mahmal owazlar, ertekiden çykan gahrymanlar bilen el tutuşyp, tans edýän çagalaryň gülküsi, bezemen ýaşyl arçada al-ýaşyl öwsüp, göz gypyşýan çyralar... Bularyň ählisi gaýgy-aladaňy unutdyryp, erkiňi eliňden alyp, kalbyňy heýjana salýan üýtgeşik, täsin dünýä. Her birimiziň kalbymyza şeýle ýakymly, ýalkymly duýgulary bagyş edip bilýän bu baýramçylyk, hakykatdan-da, agzybirlik bilen dabaraly bellenilmäge, toýlanmaga mynasyp baýramçylyk. Çünki Täze ýyl baýramy aýazly gyşda bellenilý