"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan täze — 2025-nji ýyly garşylarys. 2025-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylan ýyly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Häzirki zamanyň ösen tejribesi milli binagärlik ýörelgelerinde

Işleriň depgini barha ýokarlanýar 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Şan goşulýar eziz Watan, şanyňa!

Hoşniýetli goňşuçylyk däpleri ösdürilýär 25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, bu gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär.

Baýramlaryň seresi

Şu gün halkymyzyň, ýurdumyzyň, mahlasy, tutuş dünýäniň senenamasynda Täze ýylyň ilkinji güni – 1-nji ýanwar. Ýer togalagynyň ilatynyň aglabasy Täze ýylyň ilkinji başlangyjynyň hut şu seneden gaýdýandygy üçin ony ak arzuwlara, şowhun-dabaralara besleýär. Çünki Täze ýylda edilen arzuwlaryň durmuşda amal boljakdygyna biziň köpümiz tüýs ýürekden ynanýarys. Gunduz kimin ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde bezelen baş arçanyň Aýazbabanyň keramatly hasasynyň güýji bilen yşyklandyrylan güni ol ýerdäki çagalaryň şatlygyny görüp, göwünlerinde göterip ýören arzuwlaryny eşidip, birsalym çagalygyň gujagyna dolup, Aýazbaba hat ýazan günlerim göz öňümde janlandy. Çagalaryň şatlyk-şowhunyna garyşyp, ýaşymam, kärimem, hatda özümem ýatdan çykaryp, göwnüm bilen bilelikde ýagşy arzuw-niýetleriň elinden tutup, ejemiň-kakamyň körpeje gyzy bolup, aýagymy ýerden üzüp, arşa göterilipdirin. Ýaňlanýan aýdym-sazlar, mahmal owazlar, ertekiden çykan gahrymanlar bilen el tutuşyp, tans edýän çagalaryň gülküsi, bezemen ýaşyl arçada al-ýaşyl öwsüp, göz gypyşýan çyralar... Bularyň ählisi gaýgy-aladaňy unutdyryp, erkiňi eliňden alyp, kalbyňy heýjana salýan üýtgeşik, täsin dünýä. Her birimiziň kalbymyza şeýle ýakymly, ýalkymly duýgulary bagyş edip bilýän bu baýramçylyk, hakykatdan-da, agzybirlik bilen dabaraly bellenilmäge, toýlanmaga mynasyp baýramçylyk. Çünki Täze ýyl baýramy aýazly gyşda bellenilý

Hoş geldiň, Täze ýyl!

Şatlyk bilen garşylap, açýas saňa gujagy.Arzuwlara ýetirjek Täze ýylym, hoş geldiň!Giňden ýazdyk şanyňa naz-nygmatly saçagy,Arzuwlara ýetirjek Täze ýylym, hoş geldiň! Täze ýylym, egsilmez rysgal-döwlet alyp gel!Bagtyýarlyk mukamyn belent heňde çalyp gel!Il-günüm aman bolsun, hak nazaryň salyp gel!Arzuwlara ýetirjek Täze ýylym, hoş geldiň!

Buýsançdan doly kalplaryň Täze ýyl gutlaglary

Agzybir halkymyz Täze, 2025-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet üstünlikleri bilen toý-baýrama besläp garşy aldy. Ýetip gelen Täze ýyly hemme ýerde bolşy ýaly, naz-nygmatdan doly desterhanyň başynda garşylamagy watandaşlarymyz asylly däbe öwürdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň her bir künjeginde ýerleşýän söwda nokatlarydyr ak bazarlarda ýylyň islendik paslynda göwnüň islän ter gök-bakja önümlerini elýeterli bahadan satyn almak bolýar. Şeýle şatlykly günlerde bazarlarymyzda azyk önümleriniň bolçulygyny artdyrmaga saldamly goşant goşýan oba hojalykçylarymyzyň we kärendeçi daýhanlarymyzyň Täze ýyl gutlaglaryny hem-de ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Baýraklaryň höwri köp bolsun!

2024-nji ýylyň dekabr aýy Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary üçin ýatdan çykmajak täsirli we şatlykly wakalara beslendi. Ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça 19 – 20 – 21-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilen döwlet bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. Netijede 1-nji orna talyplarymyzyň 21-si, 2-nji orna talyplarymyzyň 9-sy, 3-nji orna talyplarymyzyň 4-si, jemi talyplarymyzyň 34-si ýeňiş gazanyp, döwletimizde bar bolan 26 sany ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 1-nji orny eýeläp, ýeňiji bolmagy başardylar. Bu bolsa institutymyzda ýaşlara ýokary derejede bilim berilýändiginiň subutnamasydyr.

Sürüm traktorlary bökdençsiz işledilýär

Şu günler Mary welaýatynda 2025-nji ýylda ekiljek gowaça tohumlary üçin ýerleri şüdügärläp goýmak ýaly möhüm agrotehniki çäräni gijikdirmän amala aşyrmaga uly üns berilýär. Sebitiň «ak altyn» ussatlary şu ýylda 162 müň gektar meýdanda welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, kesellere durnukly, ýokary hasyl berýän gowaça tohumyny ekmegi meýilleşdirýärler. Ýerleri şüdügärlemek işiniň öz wagtynda amala aşyrylmagynyň bolsa, ekinden bol hasyl almakda uly ähmiýetiniň bardygyna welaýatyň daýhanlary öz iş tejribelerinde göz ýetrip gelýärler. Şonuň üçin bu günki gün şu ýyl gowaça ekjek etraplaryň 9-synda hem bu möwsümleýin işler ýokary depgin bilen dowam etdirilip, 250-ä golaý sürüm traktory bökdençsiz işledilýär. Bu agrotehniki çäre Tagtabazar, Murgap, Ýolöten we Baýramaly etraplarynda has-da göwnejaý alnyp barylýar.

Oba hojalyk pudagynda möhüm wezipeler

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!Hanymlar we jenaplar!

Awtomobil sporty – geljegi uly sport

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrligi tarapyndan Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň şanly sepgitleri

18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýada resmi saparda boldy. saparyň çäklerinde döwlet baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim bilen duşuşdy we gepleşikler geçirildi. Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde neşir edildi

Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly çuň many-mazmuna ýugrulan ajaýyp eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri bir ýylyň dowamynda dürli dillerde neşir edildi. Häzirki wagtda hem bu ajaýyp kitap ýapon dilinde neşir edildi. Muňa bagyşlanyp, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ag

Toý-baýramlar – bagtyýarlyk nyşany

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günler, aýratyn-da agşam çagyndan soň paýtagtymyz boýunça, «Garaşsyzlyk», «Bitarap Türkmenistan», «10 ýyl abadançylyk» mahlasy ähli şaýollarynda hereket edýän jemgyýetçilik awtobuslarynda daş-töweregi synlap gitmek, şol şaýollaryň ýanýodalarynda gezelenç etmek ýakymly täsir galdyrýar. Sebäbi hemme ýerdäki, esasan hem ýokarda atlandyrylan şaýollaryň ugrundaky arçalary bezäp öwşün atýan yşyklar kalplara ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň ruhuny bagyş edýär. Ruhuňy göteriji şeýle täsin hem täsirli görnüşleri ýurdumyzyň ähli ýerinde görmek bolýar. Halkymyz Täze ýyly uly umyt-arzuwlar hem-de şatlyk bilen garşylaýar. Täze ýyl baýramçylygy ýylyň ilkinji günlerinde bellenilip, ol ýylyň dowamynda toýlanjak toý-baýramlaryň başydyr. Diýarymyzda ilimiziň agzybirliginde, ýurdumyzyň asudalygynda, durmuşymyzyň abadançylygynda we bagtyýarlygynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralar şatlygymyza şatlyk goşup, ildeşlerimizi agzybirlige, jebislige, has-da eşretli günlere, täze üstünliklere, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen beýik işlerine öz goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar.

Suw diplomatiýasynyň esasy ugurlary

Hormatly Prezidentimiz suw diplomatiýasyny we ekologiýa abadançylygyny oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça ýurdumyz halkara derejesinde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, oba senagat toplumyny, şol sanda suw hojalygyny ösdürmek boýunça giň gerimli we tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýlelikde, suw serişdelerini tygşytly ulanmak meselesi aýratyn orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde geçiril

Täze ýyl baýramy dünýä ýurtlarynda

Täze ýyl baýramçylygy hemmeler üçin uzak garaşylýan hem-de uly höwes bilen bellenilýän baýramlaryň biri. Bu baýram dünýäniň köp ýurtlarynda şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Täze ýyl baýramy ynsanlaryň kalbyna nur paýlap, olary ýagşy umytlara, ýakymly arzuwlara besleýär. Täze ýyl baýramçylygynyň döreýiş taryhyny bilmek hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek. Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde milady senenamasy ulanylýar. Täze ýyl baýramçylygynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, onuň belleniliş tertibi, däpleri hem üýtgeýär. Gadymy Rimde Täze ýyl baýramy mart aýynyň 1-ine bellenilip geçilipdir. Soňra Gadymy Rimde miladydan öňki 46-njy ýylda, imperator Ýuliý Sezaryň Täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarmagy bilen, bu baýram şol senede bellenilip başlanypdyr.

Gahryman Arkadagyň sözi

Mirasyň şekili, taryhyň keşbi,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi!Türkmeniň tükenmez kuýaşy-yşky,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi! Ulgam-ulgam Köpetdagyň syry bar,Zehin zümerretli, paýhas-düri bar,Ylym hem pähimi dünýä barabar,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi!

«Hakyda göwheri» — köňül jöwheri

Halkyň hazynasyna öwrülen beýleki däp-dessurlarymyz bilen bir hatarda kitaba sarpa goýmak ýörelgesi döwrebap derejede giňden dabaralanýar. Halkymyzda kitabyň keremi — keramaty täsiri dogrusynda aýdylýan zat juda kän. Çünki kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany — söz baýlygyny özünde jemleýär. Döredijilik äleminde ählimize görelde, ýol görkeziji şamçyrag bolan Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, edebi mirasyndan söz açylýar. Bu eser gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde hem gymmatly çeşmedir.