"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Täsirli geçen duşuşyk

Ýaşuly nesliň durmuş tejribesi ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar. Döwrümiziň eşretli günlerine gözli şaýat bolýan ýaşulular ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna hem işjeň gatnaşyp, ýaşlaryň arasynda geçirilýän maslahatlarda, wagyz-nesihat çärelerinde yzygiderli çykyş edýär. Golaýda şeýle çäreleriň biri Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde geçirildi. Onda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Ereş Talybow ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hakynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan ynsanperwer işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de ol  türkmeniň şöhratly geçmişinde öçmejek yz galdyran şahsyýetlere, nusgawy şahyrlarymyza uly hormat-sarpa goýulýandygyny nygtap, şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň täze kitabynyň çap edilendigini guwanç bilen belledi. Gündogaryň görnükli söz ussadynyň şygyrlarynda watanperwerligiň, ahlaklylygyň ündelýändigini aýratyn tekrarlady. Örän täsirli geçen duşuşyk oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Gaý­ta­dan Pre­zi­dent saý­lan­dy

26-njy maý­da Lit­wa­da pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Res­mi mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Gi­ta­nas Nau­se­da 75 gö­te­rim tö­we­re­gi ses alyp, bu we­zi­pä gaý­ta­dan saý­lan­dy. 12-nji maý­da ge­çi­ri­len saý­law­da da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri 50 gö­te­rim­den köp ses alyp bil­män­di. Şeý­le bo­lan­soň, saý­la­wyň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Nau­se­da­nyň bäs­de­şi, ýur­duň Hö­kü­met Baş­ly­gy Ing­ri­da Şi­mo­ni­te 24 gö­te­ri­me go­laý ses al­dy. Şi­mo­ni­te saý­law­da­ky ýeň­şi bi­len bäs­de­şi Nau­se­da­ny gut­la­dy. Nau­se­da ýe­ne bäş ýyl ýur­da ýol­baş­çy­lyk eder. Ol saý­law kam­pa­ni­ýa­syn­da maş­ga­la­la­ra be­ril­ýän gol­da­wyň art­dy­ryl­jak­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Onuň pi­ki­ri­çe, maş­ga­la­la­ra be­ril­ýän gol­daw amat­ly ýa­şa­ýyş jaý sy­ýa­sa­ty­na hem-de iş­çi güý­ji ba­za­ryn­da­ky düz­gün­leş­di­ri­ji ele­ment­le­ri­ne esas­lan­ma­ly. Ýurt­da 2,4 mil­li­on tö­we­re­gi saý­law­çy bar. Saý­la­wyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da Nau­se­da 44,81 gö­te­rim ses alyp­dy. Saý­law­çy­la­ryň 19,50 gö­te­ri­mi bol­sa, Ing­ri­da Şi­mo­ni­tä ses be­rip­di. Nau­se­da bi­len Şi­mo­ni­te 2019-njy ýyl­da­ky saý­law­da hem bäs­le­şip­di­ler. Şon­da Nau­se­da 66 gö­te­rim bi­len Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne saý­la­nyp­dy. 2020-nji ýyl­da Şi­mo­ni­te Hö­kü­met Baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­nip­di.

Söw­da do­la­ny­şy­gy 30 gö­te­rim kö­pe­l­di

Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin döw­let sa­pa­ry bi­len Öz­be­gis­tan­da bol­dy. Wla­di­mir Pu­tin paý­tagt Daş­kent­de Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len du­şu­şyp, gep­le­şik­ler ge­çir­di. Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti bu ýer­de eden çy­ky­şyn­da Öz­be­gis­ta­na stra­te­gik hyz­mat­daş di­ýip ba­ha ber­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy bar­ha ar­typ, ge­çen ýyl 30 gö­te­rim kö­pe­lip­dir. Rus­si­ýa­nyň Öz­be­gis­ta­na gö­nü­den-gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň 10 mil­liard amerikan dol­la­ryna ýe­ten­di­gi­ni mä­lim eden Pu­tin bu ýurt­da 3 müň rus kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş alyp bar­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Pre­zi­dent Mir­zi­ýo­ýew bol­sa, Wla­di­mir Pu­ti­niň ta­ry­hy sa­pa­ry ama­la aşy­ran­dy­gy­ny bel­läp, rus ne­bi­ti­niň, ne­bit önüm­le­ri­niň we te­bi­gy ga­zy­nyň Öz­be­gis­ta­na ibe­ri­li­şi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça yla­la­şyk­la­ra gol çe­ki­len­di­gi­ni aýt­dy.

100 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ka­bul et­di

Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy pu­da­ga de­giş­li mag­lu­mat­la­ry taý­ýar­la­dy. Bu mag­lu­ma­ta gö­rä, ge­çen ýyl dün­ýä­de 1,3 mil­liard adam baş­ga bir ýur­da sy­ýa­hat edip­dir. Fran­si­ýa bol­sa, il­kin­ji ge­zek 100 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ka­bul edip, bu sep­gi­de ýe­ten il­kin­ji ýurt bo­lup­dyr. Fran­si­ýa köp ýyl­dan bä­ri sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da dün­ýä­de öň­de­li­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Bu ýyl Pa­riž­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry hem ýur­duň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň sa­ny­ny has-da art­dy­rar. Şeý­le hem bu çä­re ýur­duň ta­nyş­dy­ryl­ma­gyn­da hem uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. 2023-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň gü­neş­li ül­ke­si bolan Is­pa­ni­ýa 85 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ba­ryp­dyr. Ame­ri­ka ba­ran­la­ryň sa­ny bol­sa 66 mil­li­on 480 müň bo­lup, bu ugur­da üçün­ji bo­lup­dyr. Is­pa­ni­ýa­nyň goň­şu­sy Ita­li­ýa ba­ran da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň sa­ny 57 mil­lio­na ýe­tip­dir. Ar­zan ba­ha­ly bol­ma­gy bi­len ta­nal­ýan Tür­ki­ýe 55 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bi­len bä­şin­ji ýe­ri eýe­läp­dir. Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy 2010-njy ýyl­dan bä­ri ýurt­la­ryň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň ha­sa­by­ny ýö­red­ýär. Şol ýyl­dan bä­ri Fran­si­ýa bu sa­naw­da bi­rin­ji­li­gi sak­lap gel­ýär. Ýur­duň esa­sy myh­man­la­ry goň­şy Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan gel­ýär. Ýur­duň güý­men­je mer­kez­le­ri, Eý­fel di­ňi, mu­zeý­le­ri, de­ňiz ke­nar­la­ry, t

Taryhda şu gün

1859-njy ýy­lyň 31-nji ma­ýyn­da hä­zir­ki wagt­da Lon­do­nyň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýan «Big Ben» (Uly jaň) di­ňindäki sagat iş­läp baş­la­ýar. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hem sim­wo­ly ha­sap­lan­ýan des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­na 1858-nji ýyl­da baş­lan­ýar. Di­ňiň esa­sy ja­ňy, ýag­ny «Big Ben»-iň ag­ra­my 13,7 ton­na ýet­ýär. Her sa­gat­da oňa çe­kiç bi­len urul­ýar. Onuň se­si 15 ki­lo­metr uzak­lyk­dan eşi­dil­ýär. Di­ňiň dört ta­ra­pyn­da hem sa­gat bo­lup, ol äh­li ta­rap­dan se­re­di­len­de, uzak ara­lyk­dan wag­ty bil­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

100 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ka­bul et­di

Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy pu­da­ga de­giş­li mag­lu­mat­la­ry taý­ýar­la­dy. Bu mag­lu­ma­ta gö­rä, ge­çen ýyl dün­ýä­de 1,3 mil­liard adam baş­ga bir ýur­da sy­ýa­hat edip­dir. Fran­si­ýa bol­sa, il­kin­ji ge­zek 100 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ka­bul edip, bu sep­gi­de ýe­ten il­kin­ji ýurt bo­lup­dyr. Fran­si­ýa köp ýyl­dan bä­ri sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da dün­ýä­de öň­de­li­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Bu ýyl Pa­riž­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry hem ýur­duň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň sa­ny­ny has-da art­dy­rar. Şeý­le hem bu çä­re ýur­duň ta­nyş­dy­ryl­ma­gyn­da hem uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. 2023-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň gü­neş­li ül­ke­si bolan Is­pa­ni­ýa 85 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ba­ryp­dyr. Ame­ri­ka ba­ran­la­ryň sa­ny bol­sa 66 mil­li­on 480 müň bo­lup, bu ugur­da üçün­ji bo­lup­dyr. Is­pa­ni­ýa­nyň goň­şu­sy Ita­li­ýa ba­ran da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň sa­ny 57 mil­lio­na ýe­tip­dir. Ar­zan ba­ha­ly bol­ma­gy bi­len ta­nal­ýan Tür­ki­ýe 55 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bi­len bä­şin­ji ýe­ri eýe­läp­dir. Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy 2010-njy ýyl­dan bä­ri ýurt­la­ryň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň ha­sa­by­ny ýö­red­ýär. Şol ýyl­dan bä­ri Fran­si­ýa bu sa­naw­da bi­rin­ji­li­gi sak­lap gel­ýär. Ýur­duň esa­sy myh­man­la­ry goň­şy Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan gel­ýär. Ýur­duň güý­men­je mer­kez­le­ri, Eý­fel di­ňi, mu­zeý­le­ri, de­ňiz ke­nar­la­ry, t

24 ýyl­dan soň­ Ger­ma­ni­ýa bar­dy

Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron Ger­ma­ni­ýa­da sa­par­da bol­dy. Bu sa­par Fran­si­ýa­dan Ger­ma­ni­ýa 24 ýyl­dan soň­ra ama­la aşy­ry­lan il­kin­ji döw­let sa­par­ydyr. 26-njy maý­da baş­lan sa­par üç gün do­wam et­di. Pre­zi­dent Mak­ron Belw­ýu köş­gün­de Ger­ma­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýer ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. Du­şu­şyk­dan soň­ra Ştaýn­ma­ýer iki ýur­duň hyz­mat­daş­lyk et­me­gi bi­len Ýew­ro­pa­nyň ýüz­be-ýüz bol­ýan geo­sy­ýa­sy kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip ge­çip bil­jek­di­gi­ni aýt­dy. Mak­ro­nyň sa­pa­ry Ger­ma­ni­ýa­da Kons­ti­tu­si­ýa­nyň gü­nü­ne hem ga­bat gel­di. Ol maş­ga­la­sy bi­len bi­le­lik­de bu gün my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra-da gat­naş­dy. Sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Em­ma­nu­el Mak­ron hem-de maş­ga­la­sy Bri­jit Mak­ron Ber­li­niň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti­niň baş­ly­gy Kaý Wag­ner bi­len şä­he­riň sim­wo­li­ki des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Bran­den­burg der­we­ze­sin­den ýö­räp geç­di. Iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri sa­pa­ryň ikin­ji gü­nün­de Drez­den şä­he­rin­de, üçün­ji gü­ni gün­ba­tar­da­ky Mýuns­ter şä­her­in­de bol­du­lar.

24 ýyl­dan soň­ Ger­ma­ni­ýa bar­dy

Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron Ger­ma­ni­ýa­da sa­par­da bol­dy. Bu sa­par Fran­si­ýa­dan Ger­ma­ni­ýa 24 ýyl­dan soň­ra ama­la aşy­ry­lan il­kin­ji döw­let sa­par­ydyr. 26-njy maý­da baş­lan sa­par üç gün do­wam et­di. Pre­zi­dent Mak­ron Belw­ýu köş­gün­de Ger­ma­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýer ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. Du­şu­şyk­dan soň­ra Ştaýn­ma­ýer iki ýur­duň hyz­mat­daş­lyk et­me­gi bi­len Ýew­ro­pa­nyň ýüz­be-ýüz bol­ýan geo­sy­ýa­sy kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip ge­çip bil­jek­di­gi­ni aýt­dy. Mak­ro­nyň sa­pa­ry Ger­ma­ni­ýa­da Kons­ti­tu­si­ýa­nyň gü­nü­ne hem ga­bat gel­di. Ol maş­ga­la­sy bi­len bi­le­lik­de bu gün my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra-da gat­naş­dy. Sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Em­ma­nu­el Mak­ron hem-de maş­ga­la­sy Bri­jit Mak­ron Ber­li­niň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti­niň baş­ly­gy Kaý Wag­ner bi­len şä­he­riň sim­wo­li­ki des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Bran­den­burg der­we­ze­sin­den ýö­räp geç­di. Iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri sa­pa­ryň ikin­ji gü­nün­de Drez­den şä­he­rin­de, üçün­ji gü­ni gün­ba­tar­da­ky Mýuns­ter şä­her­in­de bol­du­lar.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Ne­bit önüm­çi­li­gi­ni art­dy­rar. Eý­ran gün­de­lik çig ne­bit önüm­çi­li­gi­ni 400 müň bar­rel art­dy­ryp, 4 mil­li­on bar­re­le çy­ka­rar. Ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­tir­ýän Mu­ham­med Moh­be­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Yk­dy­sa­dy ge­ňe­şiň ýyg­na­gy ge­çi­ril­di. Ýyg­nak­da Eý­ra­nyň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ne­bit önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy tas­syk­lan­dy. Ýy­ly suw fes­ti­wa­ly. Ýa­po­ni­ýa­nyň

Ýurdumyzyň medeni diplomatiýasy dabaralanýar

Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na ägirt uly go­şant go­şan hal­ky­my­zyň me­de­ni we ru­hy mi­ra­sy­ny sak­la­mak, baý­laş­dyr­mak, ony dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ýö­rel­ge Wa­ta­ny­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň we da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da döw­le­ta­ra de­re­je­de bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­le­riň, şol san­da BMG-niň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Bi­lim ul­ga­myn­da­ky döw­re­bap ösüş­ler

Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek ug­run­da, bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­my­za döw­re­bap ylym-bi­lim ber­mek­de de­ger­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ösü­şiň döw­re­bap tap­gy­ryn­da ýur­du­myz dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy we­zi­pe­si hök­mün­de bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­gi saý­lap al­dy. Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýaş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ösü­şiň in­no­wa­si­on ug­ru­ny saý­lap alan ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dü­r­mek bi­len yl­my-bar­lag we in­no­wa­si­on iş­le­re has köp äh­mi­ýet be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da bi­lim ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk köp­ta­rap­la­ýyn ugur­da, hu­su­san-da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çä­gin­de hem iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Mun­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ÝU­NES­KO eda­ra­sy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Türk­me­nis­tan we Azi­ýa–Ýu­waş um­man se­bi­ti

Ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat işin­de dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň iler­le­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry, se­bit hem-de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da öza­ra dü­şü­niş­mek we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da dip­lo­ma­tik gul­lu­gyň üs­tü­ne örän jo­gap­kär­li we­zi­pe­ler düş­ýär. «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2022–2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­dan» ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, döw­le­ti­miz­de Azi­ýa–Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Ösüş çak­la­ma­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­dy

Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy (HPG) bi­rin­ji çär­ýek­dä­ki ýo­ka­ry ösü­şi hem-de soň­ky wagt­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň tä­si­ri bi­len Hy­ta­ýyň ösüş çak­la­ma­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­dy. Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy mun­dan ozal ýur­duň 2024-nji ýyl­da 4,6 gö­te­rim ösüş ga­zan­jak­dy­gy­ny çak­la­n bol­sa, in­di bu gör­ke­zi­ji­ni 5 gö­te­ri­me çy­kar­dy. Şeý­le hem ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň gel­jek ýyl­ky ösüş çak­la­ma­sy­ny 4,1 gö­te­rim­den 4,5 gö­te­ri­me ýo­kar­lan­dyr­dy. Gaz­na­nyň çak­la­ma­sy­na gö­rä, 2029-njy ýyl­da ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ila­tyň or­ta­ça ýa­şy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy hem-de önüm­çi­li­giň ösü­şi­niň ha­ýal­la­ma­gy bi­len 3,3 gö­te­rim ösüş ga­zan­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Di­no­zawr­la­ryň aýak yzy ta­pyl­dy

Hy­taý­ly ar­heo­log­lar 400-den gow­rak di­no­zawr aýak yz­la­ry­nyň üs­tün­den bar­dy­lar. Bu ta­ry­hy ta­pyn­dy 120 mil­li­on ýyl bi­len se­ne­len­ýär. Açyş edi­len ýer­de mun­dan ozal hem di­no­zawr­la­ra de­giş­li ga­lyn­dy­lar ta­py­lyp­dy. Şol se­bäp­li ol ýer Di­no­zawr da­gy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar­dy. Di­no­zaw­ryň aýak yz­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny dag­lyk meý­dan­da go­ýun bak­ýan ýer­li ýa­şaý­jy­lar aý­dyp­dyr. Soň­ra ar­heo­log­lar bu ýer­de göz­leg iş­le­ri­ni ge­çi­ren­le­rin­de di­no­zawr­la­ryň aýak yz­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny anyk­lap­dyr­lar. Hy­taý­ly ar­heo­log­lar aýak yz­la­ry­nyň di­no­zawr­la­ryň üç gör­nü­şi­ne de­giş­li­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Se­bit­de 1938-nji ýyl­dan bä­ri 120 di­no­zaw­ryň aýak yzy ta­py­lyp­dyr.

Iki müň ki­lo­metr ýol geç­ýär

Hy­ta­ýyň BYD kom­pa­ni­ýa­sy bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 2 müň ki­lo­metr­den köp ýol ge­çip bil­ýän tä­ze gib­rid ulag­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Ge­çi­ri­len sy­nag­lar­da ben­zin hem-de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­ga gaý­ta­dan ýan­gyç guý­maz­dan we zar­ýad ber­mez­den 2 müň 500 ki­lo­metr ýol ge­çip bol­an­dy­gy­ bel­lenil­ýär. Ula­gyň il­kin­ji no­bat­da hy­taý ba­za­ry­na hö­dür­len­jek­di­gi­, soň­ra eks­port edil­jek­di­gi­ mälim edildi. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa tä­ze iki se­dan mo­de­li­niň hem sa­tu­wa taý­ýar edi­len­di­gi, ola­ryň ba­ha­sy­nyň 100 müň ýu­an­dan (13 müň 800 dol­lar) arzan bol­jak­dy­gy­ ha­bar berýär.

Sy­ýa­hat­çy­ sany art­dy

Ap­re­l aýynyň ahy­ryn­da Ita­li­ýa­nyň ka­nal­lar şä­heri bo­lan We­ne­si­ýa günin gi­rip çyk­jak sy­ýa­hat­çy­lar üçin 5 ýew­ro tö­leg gi­ri­zi­lip­di. Gys­ga wagt­da bu usul ar­ka­ly 1 mil­li­on ýew­ro ga­za­ny­lan­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Mag­lu­ma­ta gö­rä, 25-nji ap­rel­den 5-nji ma­ýa çen­li 195 müň gi­riş pe­te­gi sa­ty­lyp, 975 müň ýew­ro gir­de­ji al­nyp­dyr. Şeý­le-de bol­sa, bu düz­gün şä­he­re gir­ýän­le­riň sa­ny­ny azalt­man­dyr, hat­da ozal­ky ýyl­lar­da­ky­dan hem köp bo­lup­dyr. Düz­gü­ne gö­rä, şä­he­re gi­riş 08:30-dan 16:00 ara­ly­gyn­da tö­leg­li. Gü­nüň do­wa­myn­da şä­her­den çyk­jak myh­man­la­r de­giş­li tö­le­gi te­le­fon ar­ka­ly elekt­ron usul­da tö­läp bil­ýär. Sy­nag mak­sa­dy bi­len ýo­la goý­lan bu düz­gün iýu­lyň or­ta­sy­na çen­li do­wam et­di­ri­ler. Sy­nag möh­le­tin­den soň­ra gi­riş tö­le­gi iki es­se gym­mat­la­dy­lar. Sol­tan­gu­ly NUR­MY­RA­DOW,

Wo­do­rod tas­la­ma­sy­na gol­daw ber­ler

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 7 ýur­duň wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len bag­ly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry­na 1,4 mil­liard ýew­ro gol­daw ber­mek ka­ra­ry­na gel­di. Ger­ma­ni­ýa, Fran­si­ýa, Ita­li­ýa, Is­pa­ni­ýa, Ni­der­land­lar, Slo­wa­ki­ýa we Es­to­ni­ýa aras­sa ener­gi­ýa ha­sap­lan­ýan wo­do­ro­dyň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin yl­my-bar­lag işleri, in­no­wa­si­ýa we se­na­gat­da or­naş­dy­ryl­ma­gy üçin bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň be­ýa­na­tyn­da wo­do­rod bi­len bag­ly tas­la­ma­la­ryň 2050-nji ýy­la çen­li ulag pu­da­gyn­da­ky emis­si­ýa­nyň 90 gö­te­ri­me çen­li azal­dyl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de wo­do­ro­dyň ýan­gyç hök­mün­de ula­ny­ly­şy­nyň hö­wes­len­di­ril­jek­di­gi, ag­za ýurt­lar ta­ra­pyn­dan ber­len ma­li­ýe gol­da­wy­nyň umu­my ba­ha­sy 3,3 mil­liard ýew­ro­lyk hu­su­sy ma­ýa­ny he­re­ke­te ge­tir­jek­di­gi aý­dyl­dy. «Air­bus», BMW we «Miche­lin» ýa­ly 11 kom­pa­ni­ýa bu tas­la­ma öz go­şant­la­ry­ny go­şar­lar.

Göz açyp-ýu­ma­sy sa­lym­da çöz­di

Go­laý­da Ýa­po­ni­ýa­da iş­le­nip taý­ýar­la­nan bir ro­bot Ru­bi­giň kub­ja­ga­zy­ny 30 mil­li­se­kunt­da çöz­di. Ro­bo­ty iş­läp taý­ýar­lan­lar bu wagt bö­le­gi­niň göz açyp-ýu­ma­sy sa­ly­ma ba­ra­bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bi­ler­men­ler ro­bo­tyň kub­ja­ga­zy has gys­ga wagt­da hem çö­züp bil­jek­di­gi­ni, em­ma şeý­le edi­len­de oýun­ja­gyň dö­wül­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Ru­bi­giň kub­ja­ga­zy­ny çöz­mek­de adam­la­ryň ara­syn­da­ky re­kord ame­ri­ka­ly Maks Par­ka de­giş­li. Ol bu tap­ma­ça­ny 3,13 se­kunt­da çöz­di. Bu re­kor­dy tä­ze­le­mek aň­sat bol­ma­sa-da, ro­bo­tyň tiz­li­gi bi­len de­ňeş­di­ri­len­de örän «ha­ýal».

Su­was­ty sy­ýa­hat gu­ra­lar

Ame­ri­kan işe­wür­le­ri Lar­ri Kon­nor bi­len Pat­rik La­heý «Ti­ta­nik» gä­mi­si­niň ba­tan ýe­ri­ne su­was­ty sy­ýa­ha­ty gu­ra­mak­çy­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Ba­ta­ny­na 110 ýyl­dan gow­rak wagt bo­lan gä­mi­niň ga­lyn­dy­la­ry At­lan­tik um­ma­ny­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da su­wuň 3 müň 800 metr aşa­gyn­da ýa­tyr. Işe­wür­ler bu çuň­lu­ga bar­mak üçin «Tri­ton 4000/2 Abys­sal Explo­rer» at­ly su­was­ty gä­mi­den peý­da­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. La­heý «Tri­ton Sub­ma­ri­nes» at­ly kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, bu ugur­da tej­ri­be­li hünärmenleriň biridir. Kon­nor bol­sa, goz­gal­ma­ýan em­läk kom­pa­ni­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Kon­no­ryň kom­pa­ni­ýa­sy su­was­ty sy­ýa­ha­tyň de­ňiz­çi­lik gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan do­ly tas­syk­la­nan­dan soň­ra ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu kyn sy­ýa­hat­da ula­nyl­jak gä­mi 4 müň met­re çen­li çuň­lu­ga git­mä­ge ukyp­ly bolar. Su­wuň aşa­gy­na gi­dil­di­gi­çe ba­syş ýo­kar­lan­ýar. Şol se­bäp­li su­wuň aşagyna nä­çe çuň­lu­ga gi­dil­jek bol­sa, gä­mi hem şon­çarak berk bol­ma­ly.

Agaç­dan ýasalan eme­li hem­ra

Ýa­po­ni­ýa­da agaç­dan ýa­sa­lan eme­li hem­ra kos­mo­sa ibe­ri­ler. «Lig­no­Sat» at­ly en­ja­myň ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 1 ki­log­ram tö­we­re­gi. «Su­mi­to­mo Fo­rest­ry» (SFC) kom­pa­ni­ýa­sy bi­len Kýo­to uni­wer­si­te­ti­niň bi­le­lik­de iş­läp taý­ýar­lan en­ja­my­nyň taý­ýar bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Bi­le­lik­dä­ki be­ýa­nat­da ar­zan ba­ha­ly, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz kos­mos teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len ýo­la goý­lan tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de en­ja­myň 4 ýyl­da ön­dü­ri­len­di­gi aý­dyl­dy. Kos­mo­sa goý­be­ril­jek en­jam­da çüý, ýe­lim ýaly zat­lar ula­nyl­man, bö­lek­le­ri di­ňe ada­ty usul­lar ar­ka­ly bir­leş­di­ri­lip­dir. Ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra Hal­ka­ra Kos­mos Be­ke­din­de ge­çi­ri­len sy­nag­lar­da berk­li­gi we çat aç­ma­ga gar­şy du­ru­jy­ly­gynyň ýo­ka­ry­dy­gy anyk­la­nan mag­no­li­ýa aga­jyn­dan ýa­sa­lyp­dyr. Eme­li hem­ra­nyň sent­ýabr aýyn­da ABŞ-nyň Ken­ne­di adyn­da­ky kos­mod­ro­myn­dan or­bi­ta goý­be­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Jennet Atdaýewa,