100 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ka­bul et­di

31 Maý 2024
163

Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy pu­da­ga de­giş­li mag­lu­mat­la­ry taý­ýar­la­dy. Bu mag­lu­ma­ta gö­rä, ge­çen ýyl dün­ýä­de 1,3 mil­liard adam baş­ga bir ýur­da sy­ýa­hat edip­dir. Fran­si­ýa bol­sa, il­kin­ji ge­zek 100 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ka­bul edip, bu sep­gi­de ýe­ten il­kin­ji ýurt bo­lup­dyr. Fran­si­ýa köp ýyl­dan bä­ri sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da dün­ýä­de öň­de­li­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Bu ýyl Pa­riž­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry hem ýur­duň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň sa­ny­ny has-da art­dy­rar. Şeý­le hem bu çä­re ýur­duň ta­nyş­dy­ryl­ma­gyn­da hem uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. 2023-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň gü­neş­li ül­ke­si bolan Is­pa­ni­ýa 85 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ba­ryp­dyr. Ame­ri­ka ba­ran­la­ryň sa­ny bol­sa 66 mil­li­on 480 müň bo­lup, bu ugur­da üçün­ji bo­lup­dyr. Is­pa­ni­ýa­nyň goň­şu­sy Ita­li­ýa ba­ran da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň sa­ny 57 mil­lio­na ýe­tip­dir. Ar­zan ba­ha­ly bol­ma­gy bi­len ta­nal­ýan Tür­ki­ýe 55 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bi­len bä­şin­ji ýe­ri eýe­läp­dir.

Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy 2010-njy ýyl­dan bä­ri ýurt­la­ryň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň ha­sa­by­ny ýö­red­ýär. Şol ýyl­dan bä­ri Fran­si­ýa bu sa­naw­da bi­rin­ji­li­gi sak­lap gel­ýär. Ýur­duň esa­sy myh­man­la­ry goň­şy Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­dan gel­ýär. Ýur­duň güý­men­je mer­kez­le­ri, Eý­fel di­ňi, mu­zeý­le­ri, de­ňiz ke­nar­la­ry, ta­ry­hy ýer­le­ri we aş­ha­na­sy sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Pan­de­mi­ýa­dan ozal ýur­da ýyl­da 70-80 mil­li­on tö­we­re­gi sy­ýa­hat­çy bar­ýan bol­sa, in­di il­kin­ji ge­zek 100 mil­li­on sy­ýa­hat­çy ba­ryp­dyr.

Beýleki habarlar