Täsirli geçen duşuşyk

31 Maý 2024
314

Ýaşuly nesliň durmuş tejribesi ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar. Döwrümiziň eşretli günlerine gözli şaýat bolýan ýaşulular ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna hem işjeň gatnaşyp, ýaşlaryň arasynda geçirilýän maslahatlarda, wagyz-nesihat çärelerinde yzygiderli çykyş edýär. Golaýda şeýle çäreleriň biri Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde geçirildi. Onda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Ereş Talybow ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hakynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan ynsanperwer işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de ol  türkmeniň şöhratly geçmişinde öçmejek yz galdyran şahsyýetlere, nusgawy şahyrlarymyza uly hormat-sarpa goýulýandygyny nygtap, şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň täze kitabynyň çap edilendigini guwanç bilen belledi. Gündogaryň görnükli söz ussadynyň şygyrlarynda watanperwerligiň, ahlaklylygyň ündelýändigini aýratyn tekrarlady.

Örän täsirli geçen duşuşyk oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Seýran NURMUHAMMEDOW,
Saýat etrabyndaky 62-nji orta mekdebiň mugallymy. 
Beýleki habarlar