Iki müň ki­lo­metr ýol geç­ýär

31 Maý 2024
221

Hy­ta­ýyň BYD kom­pa­ni­ýa­sy bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 2 müň ki­lo­metr­den köp ýol ge­çip bil­ýän tä­ze gib­rid ulag­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Ge­çi­ri­len sy­nag­lar­da ben­zin hem-de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­ga gaý­ta­dan ýan­gyç guý­maz­dan we zar­ýad ber­mez­den 2 müň 500 ki­lo­metr ýol ge­çip bol­an­dy­gy­ bel­lenil­ýär. Ula­gyň il­kin­ji no­bat­da hy­taý ba­za­ry­na hö­dür­len­jek­di­gi­, soň­ra eks­port edil­jek­di­gi­ mälim edildi.

Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa tä­ze iki se­dan mo­de­li­niň hem sa­tu­wa taý­ýar edi­len­di­gi, ola­ryň ba­ha­sy­nyň 100 müň ýu­an­dan (13 müň 800 dol­lar) arzan bol­jak­dy­gy­ ha­bar berýär.

Beýleki habarlar