Gaý­ta­dan Pre­zi­dent saý­lan­dy

31 Maý 2024
212

26-njy maý­da Lit­wa­da pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Res­mi mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Gi­ta­nas Nau­se­da 75 gö­te­rim tö­we­re­gi ses alyp, bu we­zi­pä gaý­ta­dan saý­lan­dy. 12-nji maý­da ge­çi­ri­len saý­law­da da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri 50 gö­te­rim­den köp ses alyp bil­män­di. Şeý­le bo­lan­soň, saý­la­wyň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Nau­se­da­nyň bäs­de­şi, ýur­duň Hö­kü­met Baş­ly­gy Ing­ri­da Şi­mo­ni­te 24 gö­te­ri­me go­laý ses al­dy. Şi­mo­ni­te saý­law­da­ky ýeň­şi bi­len bäs­de­şi Nau­se­da­ny gut­la­dy. Nau­se­da ýe­ne bäş ýyl ýur­da ýol­baş­çy­lyk eder. Ol saý­law kam­pa­ni­ýa­syn­da maş­ga­la­la­ra be­ril­ýän gol­da­wyň art­dy­ryl­jak­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Onuň pi­ki­ri­çe, maş­ga­la­la­ra be­ril­ýän gol­daw amat­ly ýa­şa­ýyş jaý sy­ýa­sa­ty­na hem-de iş­çi güý­ji ba­za­ryn­da­ky düz­gün­leş­di­ri­ji ele­ment­le­ri­ne esas­lan­ma­ly.

Ýurt­da 2,4 mil­li­on tö­we­re­gi saý­law­çy bar. Saý­la­wyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da Nau­se­da 44,81 gö­te­rim ses alyp­dy. Saý­law­çy­la­ryň 19,50 gö­te­ri­mi bol­sa, Ing­ri­da Şi­mo­ni­tä ses be­rip­di. Nau­se­da bi­len Şi­mo­ni­te 2019-njy ýyl­da­ky saý­law­da hem bäs­le­şip­di­ler. Şon­da Nau­se­da 66 gö­te­rim bi­len Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne saý­la­nyp­dy. 2020-nji ýyl­da Şi­mo­ni­te Hö­kü­met Baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­nip­di.

Beýleki habarlar