Su­was­ty sy­ýa­hat gu­ra­lar

31 Maý 2024
249

Ame­ri­kan işe­wür­le­ri Lar­ri Kon­nor bi­len Pat­rik La­heý «Ti­ta­nik» gä­mi­si­niň ba­tan ýe­ri­ne su­was­ty sy­ýa­ha­ty gu­ra­mak­çy­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Ba­ta­ny­na 110 ýyl­dan gow­rak wagt bo­lan gä­mi­niň ga­lyn­dy­la­ry At­lan­tik um­ma­ny­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da su­wuň 3 müň 800 metr aşa­gyn­da ýa­tyr. Işe­wür­ler bu çuň­lu­ga bar­mak üçin «Tri­ton 4000/2 Abys­sal Explo­rer» at­ly su­was­ty gä­mi­den peý­da­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. La­heý «Tri­ton Sub­ma­ri­nes» at­ly kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, bu ugur­da tej­ri­be­li hünärmenleriň biridir. Kon­nor bol­sa, goz­gal­ma­ýan em­läk kom­pa­ni­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Kon­no­ryň kom­pa­ni­ýa­sy su­was­ty sy­ýa­ha­tyň de­ňiz­çi­lik gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan do­ly tas­syk­la­nan­dan soň­ra ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu kyn sy­ýa­hat­da ula­nyl­jak gä­mi 4 müň met­re çen­li çuň­lu­ga git­mä­ge ukyp­ly bolar.

Su­wuň aşa­gy­na gi­dil­di­gi­çe ba­syş ýo­kar­lan­ýar. Şol se­bäp­li su­wuň aşagyna nä­çe çuň­lu­ga gi­dil­jek bol­sa, gä­mi hem şon­çarak berk bol­ma­ly.

Beýleki habarlar