Wo­do­rod tas­la­ma­sy­na gol­daw ber­ler

31 Maý 2024
330

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 7 ýur­duň wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len bag­ly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry­na 1,4 mil­liard ýew­ro gol­daw ber­mek ka­ra­ry­na gel­di. Ger­ma­ni­ýa, Fran­si­ýa, Ita­li­ýa, Is­pa­ni­ýa, Ni­der­land­lar, Slo­wa­ki­ýa we Es­to­ni­ýa aras­sa ener­gi­ýa ha­sap­lan­ýan wo­do­ro­dyň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin yl­my-bar­lag işleri, in­no­wa­si­ýa we se­na­gat­da or­naş­dy­ryl­ma­gy üçin bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň be­ýa­na­tyn­da wo­do­rod bi­len bag­ly tas­la­ma­la­ryň 2050-nji ýy­la çen­li ulag pu­da­gyn­da­ky emis­si­ýa­nyň 90 gö­te­ri­me çen­li azal­dyl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de wo­do­ro­dyň ýan­gyç hök­mün­de ula­ny­ly­şy­nyň hö­wes­len­di­ril­jek­di­gi, ag­za ýurt­lar ta­ra­pyn­dan ber­len ma­li­ýe gol­da­wy­nyň umu­my ba­ha­sy 3,3 mil­liard ýew­ro­lyk hu­su­sy ma­ýa­ny he­re­ke­te ge­tir­jek­di­gi aý­dyl­dy. «Air­bus», BMW we «Miche­lin» ýa­ly 11 kom­pa­ni­ýa bu tas­la­ma öz go­şant­la­ry­ny go­şar­lar.

Beýleki habarlar