24 ýyl­dan soň­ Ger­ma­ni­ýa bar­dy

31 Maý 2024
236

Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron Ger­ma­ni­ýa­da sa­par­da bol­dy. Bu sa­par Fran­si­ýa­dan Ger­ma­ni­ýa 24 ýyl­dan soň­ra ama­la aşy­ry­lan il­kin­ji döw­let sa­par­ydyr. 26-njy maý­da baş­lan sa­par üç gün do­wam et­di. Pre­zi­dent Mak­ron Belw­ýu köş­gün­de Ger­ma­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýer ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di. Du­şu­şyk­dan soň­ra Ştaýn­ma­ýer iki ýur­duň hyz­mat­daş­lyk et­me­gi bi­len Ýew­ro­pa­nyň ýüz­be-ýüz bol­ýan geo­sy­ýa­sy kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip ge­çip bil­jek­di­gi­ni aýt­dy. Mak­ro­nyň sa­pa­ry Ger­ma­ni­ýa­da Kons­ti­tu­si­ýa­nyň gü­nü­ne hem ga­bat gel­di. Ol maş­ga­la­sy bi­len bi­le­lik­de bu gün my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra-da gat­naş­dy.

Sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Em­ma­nu­el Mak­ron hem-de maş­ga­la­sy Bri­jit Mak­ron Ber­li­niň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti­niň baş­ly­gy Kaý Wag­ner bi­len şä­he­riň sim­wo­li­ki des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Bran­den­burg der­we­ze­sin­den ýö­räp geç­di. Iki ýur­duň Pre­zi­dent­le­ri sa­pa­ryň ikin­ji gü­nün­de Drez­den şä­he­rin­de, üçün­ji gü­ni gün­ba­tar­da­ky Mýuns­ter şä­her­in­de bol­du­lar.

Beýleki habarlar