Sy­ýa­hat­çy­ sany art­dy

31 Maý 2024
174

Ap­re­l aýynyň ahy­ryn­da Ita­li­ýa­nyň ka­nal­lar şä­heri bo­lan We­ne­si­ýa günin gi­rip çyk­jak sy­ýa­hat­çy­lar üçin 5 ýew­ro tö­leg gi­ri­zi­lip­di. Gys­ga wagt­da bu usul ar­ka­ly 1 mil­li­on ýew­ro ga­za­ny­lan­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Mag­lu­ma­ta gö­rä, 25-nji ap­rel­den 5-nji ma­ýa çen­li 195 müň gi­riş pe­te­gi sa­ty­lyp, 975 müň ýew­ro gir­de­ji al­nyp­dyr. Şeý­le-de bol­sa, bu düz­gün şä­he­re gir­ýän­le­riň sa­ny­ny azalt­man­dyr, hat­da ozal­ky ýyl­lar­da­ky­dan hem köp bo­lup­dyr. Düz­gü­ne gö­rä, şä­he­re gi­riş 08:30-dan 16:00 ara­ly­gyn­da tö­leg­li. Gü­nüň do­wa­myn­da şä­her­den çyk­jak myh­man­la­r de­giş­li tö­le­gi te­le­fon ar­ka­ly elekt­ron usul­da tö­läp bil­ýär. Sy­nag mak­sa­dy bi­len ýo­la goý­lan bu düz­gün iýu­lyň or­ta­sy­na çen­li do­wam et­di­ri­ler. Sy­nag möh­le­tin­den soň­ra gi­riş tö­le­gi iki es­se gym­mat­la­dy­lar.

Sol­tan­gu­ly NUR­MY­RA­DOW,

Beýleki habarlar