"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Tehnologiýalar dünýäsine syýahat: Aşgabatda DevFest 23 geçirildi

Ýakynda Aşgabatda DevFest 23 maslahaty geçirildi. Bu çärä programmirlemegi öwrenmek isleýänler, tejribeli işläp taýýarlamajylar hem-de IT ulgamy bilen gyzyklanýan ýönekeý adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Festiwalda dürli usullary ulanmaka arkaly kod ýazmak, internetiň işiniň düzümi, dizaýnyň inçe tilsimleri we oýunlary işläp taýýarlamagyň esaslary ýaly ugurlar bilen tanyşdyryldy.  Paýtagtymyzyň mekdepleriniň birinde bu çäräniň dabaraly açylyşy boldy. Giriş sözi bilen Google-yň (Google Developer Group, GDG) Işläp taýýarlamajylar toparynyň Aşgabatdaky guramaçylary Saparguly Mahtumow we Mährijemal Gylyjowa çykyş etdiler. 

Azerbaýjanyň üstünden geçýän ýük akymy bilen bagly resminama işiniň ähli tapgyry sanlaşdyrylar

Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministrligi ulag logistikasy boýunça sanly maglumat ulgamynyň taslamasynyň konseptini taýýarlady. Muny Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministriniň orunbasary Rahman Gummatowyň azerbaýjan — türk maýa goýum forumynyň çägindäki panel çykyşynda aýdandygyny «Trend» habar berýär. Ol munuň örän uly taslamadygyny belledi. «Azerbaýjanyň üsti bilen geçjek ýük akymlarynyň ähli amallaryny — resminamalary, ygtyýarnamalary we rugsatnamalary almak bilen baglanyşykly şertnamalara gol çekmekden başlap, ulag usullaryny saýlamaga çenli sanlaşdyrmak meýilleşdirilýär» — diýip, R.Gummatow belledi.

Aragatnaşykçy ýaşlarymyz ähli ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirýärler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Çünki ýaşlar – döwletimiziň şu günki daýanjy hem geljegi, ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji.

Emeli aň

Britan bilermenleri 2023-nji ýylyň sözüniň «Emeli aň» (EA) diýen sözdügini yglan etdiler. Ýylyň sözi meşhur iňlis diliniň sözlügini düzüjiler tarapyndan hödürlenildi. Olar «Emeli aň» sözüni «adamyň psihiki işiniň kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen nusgalanmagy» hökmünde düşündirdiler. Hünärmenler EA tehnologiýasynyň diýseň çalt ösýändigini we 2023-nji ýylda iň köp ara alnyp maslahatlaşylan mowzukdygyny belleýärler. Soňky aýlarda bu adalgany dört esse köp ulanyp başlapdyrlar. Reýtingi düzüjiler emeli aňyň üns merkezinde bolandygyny belleýärler. Ol, mysal üçin, elektron poçta ýaly, gündelik durmuşa barha çalt ornaşýar. Emeli aň — döredijilik işini kompýuter algoritmlerine ynanylmaga mümkinçilik berýän tehnologiýadyr. Emeli aňyň kömegi bilen, uly möçberdäki maglumatlary seljermek, tekstleri, şekilleri, aýdym-sazlary we wideoşekilleri öndürmek mümkin. Emeli aň köp mukdarda maglumatlary gaýtadan işläp, takyklygy kesgitläp, maglumatlary kesgitläp we jogaplary berip biler. Şeýle hem, onuň kömegi bilen, lukmançylyk anyklaýyş we iş-söwda derňewi ýaly dürli ugurlardaky meseleleri çözmek bolar. Kärhanalar amallary has netijeli etmek ýa-da zähmet çykdajylaryny tygşytlamak üçin emeli aňy ulanyp bilerler.

«Xiaomi» ilkinji elektrik ulagy bilen tanyşdyrdy

Hytaýyň sarp ediş elektronikasyny öndüriji «Xiaomi Corp.» kompaniýasy özüniň ilkinji elektrik ulagy bilen tanyşdyrdy, ol öňdäki 15-20 ýylda dünýäde öňdebaryjy awtoulag kompaniýasy bolmagy maksat edinýär diýip, «Interfax.ru» ýazýar. SU7 (Speed Ultra) diýlip at berlen bäş orunlyk sedan akkumulýatoryna bir gezek güýç berlende, 800 kilometri geçmäge ukyply, ol sagatda tizligini 265 kilometre çenli ýokarlandyryp bilýär. Bu barada «Xiaomi» kompaniýasynyň başlygy Leý Szýan Pekinde täze ulagy tanyşdyranda aýtdy.

Azerbaýjan Ulag logistikanyň sanly maglumat ulgamynyň taslamasynyň konsepsiýasyny taýýarlady

Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministrligi Ulag logistikanyň sanly maglumat ulgamynyň taslamasynyň konsepsiýasyny taýýarlady. Bu barada ýurduň sanly ösüş we ulag ministriniň orunbasary Rahman Gummatow Baku şäherinde geçirilen Azerbaýjan-türk maýa goýum forumynyň çäklerinde mälim etdi. Forum Azerbaýjanyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna hem-de Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlandy.

Hytaýda uçarmansyz ýolagçy uçarlary üçin ilkinji merkez açyldy

Hytaýyň günortasyndaky Şençžen megapolis şäherinde uçarmansyz ýolagçy uçarlarynyň gatnawlary üçin howa merkezi açyldy.  Şäheriň 4500 inedördül metrlik howa gatnawlaryny dolandyryş merkezi özünde uçuş-gonuş meýdançasyny, uçar angaryny we dispetçer merkezini özünde jemleýär.

Sanly bilim ulgamy – innowasion ösüşiň esasydyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar. Milli bilim ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Döwrebap ösüşleri gazanmakda bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugurlarynyň üpjün edilmegine, hemmetaraplaýyn ösen nesliň kemala gelmegine, çagalaryň zehinini ýüze çykarmak üçin zerur şertleriň döredilmegine döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Ylmy taýdan esaslandyrylan usullar we tehnologiýalar bilimde has ähmiýetli orny eýeleýär. Giň gerimli ösüş strategiýasynyň netijesinde innowasion sanly ykdysadyýet kemala getirilýär. Sanlylaşdyrmak bu ulgamyň innowasion ösüş usullaryny, tehnologiýalaryny, gurallaryny kämilleşdirmek bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilimiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Bu işde, ilki bilen, ýurdumyzy ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmyndaky gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar we tejribeler ýurdumyzda önümçilige, bilime giňden ornaşdyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň binýadynda täzeçil tehnologiýalara esaslanýan nusga döredýär. Ylmy işler

«Meta» uly möçberde jerime salyndy

Italiýanyň kommunikasiýa ulgamy boýunça kepillik müdirligi (Agcom) «Meta Platforms Ireland Limited» kompaniýasyna humarly oýunlary mahabatlandyrmak kanunyny bozandygy üçin, 5,9 million ýewro jerime saldy. Bu barada Italiýanyň kommunikasiýa ulgamy boýunça kepillik müdirliginiň saýty habar berdi. Habar berlişine görä, derňewiň dowamynda humarly oýunlaryny we gytaklaýyn pul utuşlaryny mahabat edýän «Facebook» we «Instagram» profilleriniň 18 sanysy ýüze çykarylypdyr.

Duýgudaşlygyň we rahatlygyň reňki

Reňkleriň duýgy-dünýämize täsiri hakda köp eşidendiris. Bu hakda okalan, tomaşa edilen, eşidilen zatlaram az däldir. Reňkler we olaryň ruhy dünýämize, duýgularymyza, durmuşymyza täsiri gadymy döwürlerden bäri ynsanlary gyzyklandyryp gelen ugurlaryň biri bolup durýar. Eýsem, reňkler bize nähili täsir edýär? Haýsy reňki halaýan bolsak, şol reňkdäki lybaslary geýnesimiz gelýär. Otaglary şol reňke boýasymyz gelýär. Ykjam telefonlarymyzyň, noutbuklarymyzyň, mahlasy, gözümiz düşýän zatlaryň şol reňkde bolmagyny eý görýäris. Reňkler täsin bir dünýä. Käbir reňkleriň işdäňi açýandygy, käbir reňkleriň ylham berýändigi, käbirleriniň oýlandyrýandygy ýa-da dynç berýändigi ýaňzydylýar. Şol gadymy ýörelgeler häzirki döwürde has-da rowaç. Esasanam, bezeg-zynat (moda) dünýäsi her ýylyň reňkini içgin öwrenýär. Munda adamlaryň ruhy-psihologik ýagdaýlary hem göz öňünde tutulýar. Haýsy reňkleriň göwnüňi göterjekdigi, şatlandyrjakdygy, ylham-joşgun ýa-da rahatlyk berjekdigi hakdaky çaklamalary öňe sürýärler. Şeýdibem, geljek ýylda ýörgünli boljak reňkleri öňünden kesgitleýärler. Munuň üçin ýörite ylmy institutlar hereket edýär. Dünýäniň önüm öndürijileri bolsa, esasanam, moda dünýäsi bu pikirleri alyp göterýär, olary has-da rowaçlandyrýar. Reňk institutlarynyň kesgitlän reňklerini öz önümleriniň bijebaşysy edýär. Ýylyň saýlama reňklerini öz önümlerinde şöhlelendirýärler. Egin-eşiklerde

Jümle-jahan habarlary

Iň köp satylýan we ygtybarly ulaglar Dünýäde iň köp satylýan awtoulaglaryň arasynda başky orny Ýaponiýanyň Toýota Corolla awtoulaglary eýeleýär. Her ýylda bu ulaglaryň 850 müň sanysy satylýar. Ýeri gelende Toýotanyň dünýänyň awtobazarynyň 11,6 göterimini eýeleýändigi, bu görkezijiniň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygy bellärliklidir. Munuň özi, ilkinji nobatda, bu ulaglaryň ygtybarlydygy bilen baglanyşyklydyr. Meşhur kompaniýanyň ulaglarynyň her ýylda 1 million 874 müň sanysy özüniň eýelerini tapýar. Dünýä boýunça iň ygtybarly awtoulaglaryň başky onlugynda bu kompaniýanyň ulaglarynyň dördüsi bar. Olar Lexus GX 460, Toýota Prius Prime, Toýota Prius, Toýota Highlander kysymly awtoulaglardyr.

Türkmenistan ikinji milli emeli hemrany uçurmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew şu ýylyň 14-15-nji dekabrynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrler maslahatynda telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen ikinji milli emeli hemrany uçurmak ädimini Türkmenistanyň öň­ünde goýýan möhüm wezipeleriniň biri hökmünde görkezdi. Batyr Annaýew sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly global söwdany we baglanyşyklary özgertmäge bagyşlanan mejlisde eden çykyşynda ýurduň innowasion-tehnologik, ulag-logistik infrastrukturany güýçlendirmegi, bank çözgütlerini integrasiýalaşdyrmagy wajyp wezipe hökmünde görýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Bilim ulgamynda döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyetiň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Bu bolsa döwletiň ähli çäklerinde, geljekde bolsa tutuş dünýä giňişliginde ylym-bilim boýunça bir bitewi maglumat gurşawyny emele getirmek wezipesini öňde goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamy halk hojalygynyň ähli pudaklaryna häzirki tehnologiýalardan we tehniki ösüşlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçe pikirlenýän, halkara dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamakda örän ýokary jogapkärçilige borçly edildi. Täzeçe pikirlenmäge, önümçiligi ygtybarly dolandyrmaga ukyply hünärmenler döwletiň we jemgyýetiň esasy daýanjydyr. Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşinde hem ylym-bilim esasy orunda goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysady

Sanly bilim ulgamy – ýaş nesliň kämilliginiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw m

Aý­dyň mak­sat­lar — be­lent sep­git­le­re

Häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk, maglumat-kommunikasiýa ulgamy bedew batly ösüşler bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Şonuň bilen baglylykda, häzirki asyrymyz innowasion tehnologiýalaryň asyry, ýokary tizlikli ösüşiň eýýamy hasaplanýar. Çünki häzirki döwri internetsiz, innowasion tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Innowasion tehnologiýalaryň okgunly ösýän döwründe, dünýä ýurtlarynyň dördünji senagat öwrülişigini başdan geçirýän zamanasynda biziň ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmäge, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Olary ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň sanly ukyp-başarnyklaryny kemala getirmek ugrunda amala aşyrylýan işler ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hem-de maglumat jemgyýetini emele getirmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda: «Biz dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämil

Täze “L4S” aragatnaşyk standarty internet bökdençlikleriniň derejesini peselder

“L4S” atly aragatnaşyk ölçegi ýokary ulanyşdaky aragatnaşyk torunda ulanyş trafigi ölçeýän we sazlaýan hyzmatlary goşmak arkaly ulgamdaky nobaty azaltmagy maksat edinýär. Netijede, sahypa ýükleniş tizligi we durnuklylygy hem-de wideoşekillere tomaşa etmek mümkinçilikleri ýokarlanar. Täze ölçegi goldaýan ulgamlaýyn düzüm berilýän trafigi çalt we dogry bermäge şert döreder. Adatça, internetden zat ýüklenende döreýän bökdençliklerde ugradylýan paketler düzümiň ýörite buferinde saklanýar. Bu paket “L4S” aragatnaşyk ölçegli enjamyň buferine düşende, ol ýüklenýän hökmünde bellige alynýar. Munuň üçin berilýän trafigi ulanyşa görä sazlamak üçin az wagt sarp edilýär. Bu bolsa, aragatnaşyk ulgamynda döreýän bökdençlikleri aradan aýyrmaga şert döredýär.

Innowasion tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir. Şol maksat esasynda eziz Diýarymyzda soňky iki ýylda nebitgaz ýataklarynyň gözlenilmegi we özleşdirilmegi bilen, nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak işlerine gönükdirilen milli maýa goýumlaryň hasabyna «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan geçirilen degişli işleriň netijesinde Tagtabazar — 1 gaz känindäki guýularyň birinden senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy ýüze çykaryldy. Şonuň ýaly-da, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 312-nji belgili guýuda gazuw işleri ýerine ýetirilip, tebigy gaz akymy alyndy. Şeýle hem Uzynada käninde gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, bu känden her biriniň önüm berijiligi bir günde ortaça 60 tonnadan gowrak bolan guýularyň üçüsinden gaz kondensat akymy alyndy. Uzynada käninde geçirilen gazuw işleriniň netijesi Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlarynyň öz oňyn beýanyny tapýandygynyň güwäsidir. Türkmenistan tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemäge ähmiýet berip, energiýa serişdelerini iri eksport ediji ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, eksportyň harytlar düzümini diw

«TmCars» — onlaýn mümkinçilikleriň kesişýän nokady

(Habarlar, bildirişler we mahabatlar bilen birbada tanyşmaga mümkinçilik berýän köpugurly onlaýn platformasy barada söhbetdeşlik) Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň artmagy häzirki zaman tehnologiýalaryna bolan islegi ýokarlandyrdy. Daşymyzy gurşap alan amatly şertlere, ýeňilliklere indi halys öwrenişipdiris. Häzir biziň sähel salymyň içinde diňe bir ýurduň däl, eýsem, dünýäniň o çetindäki döwletlerde bolup geçýän wakalardan hem habarly bolmaga ýa-da özümize gerek bolan islendik harytlar we hyzmatlar bilen onlaýn platformalary arkaly tanyşmaga mümkinçiligimiz bar. Türkmenistanyň we älem-jahanyň habarlaryny, täzeliklerini, ildeşlerimiziň satlyk harytlaryny, telekeçilerimiziň hödürleýän hyzmatlaryny we bildirişlerini halka dessin ýetirmekde 6 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän, halk arasynda «TmCars» diýlip bilinýän «Gerekli hyzmat» hususy kärhanasynyň tmcars.info web saýtynyň we ykjam goşundysynyň iş ýörelgesi hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek. Şonuň üçin-de gazetimiziň şu sanynda kärhananyň «Habarlar» bölüminiň hünärmeni, žurnalist Maksat Geldiýew bilen söhbetdeş bolduk.

«Mercedes-Benz E-Class» oktýabr aýynda «biznes klas» kysymly görnüşleriň arasynda iň köp satylan awtoulag boldy

«Focus2move» portalynyň yglan eden hasabatynda laýyklykda, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda «Mercedes-Benz E-Class» dünýäde «biznes klas» kysymly görnüşleriň arasynda iň köp satylan awtoulag boldy. Çeşmäniň habar bermegine görä, oktýabr aýynda «Mercedes-Benz E-Class» kysymly awtoulaglaryň 233 müň 10 sanysy satylypdyr. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 0,3 göterim ýokarydyr. Sanawda ikinji orny 215 müň 575 sanysy satylan «BMW 5-Series» eýeledi. «BMW 5-Series» kysymly awtoulaglaryň satuwy oktýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15,7 göterim azalypdyr. Sanawyň ilkinji üçlügini bolsa satuwy geçen ýylyň oktýabr aýyndaka garanyňda, 36,4 göterim peselip, 204 müň 857-ä deň bolan «Audi A6» eýeledi.

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň her biri halkymyzyň eşretli şu gününi, röwşen geljegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly-uly üstünlikler gazanyldy, ýurdumyz guwandyryjy ösüşl