«TmCars» — onlaýn mümkinçilikleriň kesişýän nokady

11 Dekabr 2023
744

(Habarlar, bildirişler we mahabatlar bilen birbada tanyşmaga mümkinçilik berýän köpugurly onlaýn platformasy barada söhbetdeşlik)

Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň artmagy häzirki zaman tehnologiýalaryna bolan islegi ýokarlandyrdy. Daşymyzy gurşap alan amatly şertlere, ýeňilliklere indi halys öwrenişipdiris. Häzir biziň sähel salymyň içinde diňe bir ýurduň däl, eýsem, dünýäniň o çetindäki döwletlerde bolup geçýän wakalardan hem habarly bolmaga ýa-da özümize gerek bolan islendik harytlar we hyzmatlar bilen onlaýn platformalary arkaly tanyşmaga mümkinçiligimiz bar. Türkmenistanyň we älem-jahanyň habarlaryny, täzeliklerini, ildeşlerimiziň satlyk harytlaryny, telekeçilerimiziň hödürleýän hyzmatlaryny we bildirişlerini halka dessin ýetirmekde 6 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän, halk arasynda «TmCars» diýlip bilinýän «Gerekli hyzmat» hususy kärhanasynyň tmcars.info web saýtynyň we ykjam goşundysynyň iş ýörelgesi hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek. Şonuň üçin-de gazetimiziň şu sanynda kärhananyň «Habarlar» bölüminiň hünärmeni, žurnalist Maksat Geldiýew bilen söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeş bolan: Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».